Apple 4-nji martda geçiriljek tanyşdyryşynda arzan MacBook-dan başlap, iPhone 17e çenli täze önümlerini görkezer


Apple "Apple Experience" atly ýazky çäresini resmi taýdan tassyklady. Ol 2026-njy ýylyň 4 martynda geçiriler. Adaty görkezilişlerden tapawutlylykda, bu çäre bir wagtda Nýu-Ýorkda, Londonda we Şanhaýda geçiriler we markanyň taryhynda iň elýeterli önümlere bagyşlanar.
A18 Pro Çipli Arzan MacBook

Täze önümleriň esasy bölegi 13 dýuýmlyk ykjam MacBook bolar. Ony elýeterli etmek üçin ($599–699), Apple oňa ykjam A18 Pro prosessory we 8GB operatiw ýady oturdypdyr. Bu noutbuk alýumin korpusa we gülgüne, sary we açyk ýaşyl ýaly açyk reňklere eýe bolar.
iPhone 17e Smartfony

Täze "e-tapgyry" güýçli A19 çipi, häzirki zaman "Dinamiki ada" we köpden bäri garaşylýan MagSafe zarýad bermek goldawyna eýe bolar. Bu, baha we mümkinçilikleriň nukdaýnazaryndan iň gowy esasy iPhone bolar.
M5 Pro we M5 Max Täze Prosesorlar

Professionarlar üçin Apple öňkülerinden 20% has güýçli bolan täze nesil çipleri taýýarlapdyr. Olar täzelenen MacBook Pro (14 we 16 dýuým) kompýuterleriniň "ýüregi" bolar.
iPad Air we Esasy iPad-iň Täzelenmesi

iPad Air planşeti M4 çipine geçer, 12-nji nesil esasy iPad bolsa A18 prosessor bilen üpjün ediler. Indi Apple-iň iň arzan planşeti hem emeli aň mümkinçiliklerini doly goldar.
M5 Çipli MacBook Air

Dünýäniň iň meşhur noutbugy has-da çalt bolar. Daşky görnüşi öňküligine galar, ýöne esasy M5 çipine geçmek öndürijiligiň ep-esli ýokarlanmagyny üpjün eder.
Professional Studio Display 2 Monitory

Apple, öz monitoryny täzeläp, oňa ProMotion tehnologiýasyny (120 Gs) we Mini-LED panelini goşar. Bu, dizaýnerler we wideografçylar üçňin suratyň ýylmanaklygyny we çuňňur gara reňkleri üpjün eder.
Google Gemini Esasynda Akylly Siri

Programma üpjünçiliginiň esasy täzeligi iOS 26.4 bolar. Google Gemini neýrotor ulgamy bilen birleşdirilmegiň netijesinde, Siri ekranyň mazmunyna düşünmegi, programmalaryň içindäki funksiýalary dolandyrmagy we hakyky kömekçi ýaly janly söhbetdeşlik alyp barmagy öwrener.
ORIENT








