HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar gün energiýasyny uzak möhletleýin saklamak üçin organiki molekulany döretdiler

Fewral 17, 2026 | 19:00 |3724
Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary energetikada täze bir açyş etdiler. Olar gün şöhlesini siňdirip, ony içinde ýyllar boýy saklap galýan täsin molekulany işläp taýýarladylarKaliforniýa uniwersitetiniň alymlary energetikada täze bir açyş etdiler. Olar gün şöhlesini siňdirip, ony içinde ýyllar boýy saklap galýan täsin molekulany işläp taýýarladylar
Çeşme: un.org

Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary energetikada täze bir açyş etdiler. Olar gün şöhlesini siňdirip, ony içinde ýyllar boýy saklap galýan täsin molekulany işläp taýýarladylar. Energiýa adama gerek wagty ýylylyk görnüşinde bölünip çykarylýar.

Molekulýar "ýaýjygy" nädip işleýär

Täze tehnologija adaty gün batareýalaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Alymlar organiki himiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, pirimidon esasynda molekula döretdiler. Ol mehaniki ýaýjygy ýaly işleýär.

Günüň täsiri astynda molekula görnüşini üýtgedip, "dartgynly" ýagdaýa geçýär. Energiýa uzak wagtyň dowamynda himiki baglanyşyklarda ygtybarly saklanýar. Ýylylygy çykarmak üçin azajyk gyzdyrmak ýa-da katalizator ýeterlikdir — şonda molekula şol bada "gowşaýar".

Tehnologiýanyň güýji we artykmaçlyklary

Dewar pirimidon diýlip atlandyrylan bu işläp taýýarlama diýseň güýçli boldy. Onuň energiýa dykyzlygy smartfonlarymyzdaky litiy-ion akkumulýatorlaryndan iki esse ýokarydyr. Synaglar wagtynda şeýle bir molekulanyň elektrik energiýasyz suwy gaýnatmak üçin ýeterlik boldy. Esasy artykmaçlyk, energiýanyň wagtyň geçmegi bilen ýitirilmezligidir. Bu bolsa ony gün şöhlesiniň birkemsiz "konserwantyna" öwürýär.

Bu açyş howadan garaşlylyk meselesini çözýär. Geljekde beýle akkumulýatorlar gijelerine öýleri ýylatmaga ýa-da syýahat wagty gazsyz suwy gyzdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýeňil agramy sebäpli tehnologiýa uzak sebitler we hatda kosmosy özleşdirmek üçin hem uly umyt baglanylýar. Bu, gün şöhlesini göni manyda "jübüňde götermäge" mümkinçilik berjek eko-geljek üçin möhüm ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026