HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministri we ÝUNISEF-iň wekili hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Fewral 18, 2026 | 15:00 |5580
17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

17-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026-2030-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda çaganyň irki ösüşini, inklýuziw bilimi ösdürmegi, şeýle hem bilim ulgamynda howa durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak we ýurduň 55 mekdebinde başlangyç synpa taýýarlyk boýunça synag maksatnamasyny durmuşa geçirmek, “Ýaşyl mekdep” bilelikdäki maksatnamany üstünlikli amala aşyrmak, inklýuziw bilim boýunça alnyp barylýan synag işleriniň gerimini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleri bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda ýakyn utgaşykly işlemäge taýýardygy tassyklandy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanda her bir çaganyň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de iň gowy bähbitlerine gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara taýýarlygy tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026