HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-na sapar bilen ugrady

Fewral 16, 2026 | 22:00 |6336
16-njy fewralda, duşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanuly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy16-njy fewralda, duşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanuly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy
Çeşme: maslahat.gov.tm

16-njy fewralda, duşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanuly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, ertir ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtyň Halkara howa menziline geldi we şol ýerden ABŞ-a ugrady.

Resmi habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimini, şol sanda iri amerikan kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda senagat we oba hojalygy ulgamlaryndaky özara hereketleri öz içine alýar.

Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depgini maýa goýum hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklaýar. Resmi çeşme Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparynyň şu ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüljekdigini we döwletara konstruktiw dialogy has-da ösdürmek üçin şert döretjekdigini nygtaýar.

Resmi habarda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak saparyň maksatnamasy barada giňişleýin we meýilleşdirilen duşuşyklar barada maglumat berilmeýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026