HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Üpjün edijiler üçin täze mümkinçilikler: maddy-tehniki serişdeler boýunça açyk tender

Fewral 16, 2026 | 23:45 |7817
"Türkmengaz” döwlet konserni kärhananyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-013 belgili açyk tender yglan edýär"Türkmengaz” döwlet konserni kärhananyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-013 belgili açyk tender yglan edýär
Çeşme: turkmengaz.gov.tm

"Türkmengaz” döwlet konserni kärhananyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-013 belgili açyk tender yglan edýär:

Tenderiň möhleti: 2026-njy ýylyň 13-nji fewralyndan 1-nji apreline çenli.

Tendere diňe öndüriji kompaniýalar, tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara doly laýyk gelen ýagdaýynda gatnaşyp biler. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Tender lotlary:

• Lot № 1 - «Turba we metal önümleri»;

• Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;

• Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar».

Gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.

Gatnaşyjylara "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" bilen tanyş bolmak; şeýle hem lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak teklip edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2026-njy ýylyň 1-nji apreli sagat 15:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026