HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň dürli ýurtlarynda Hytaý Täze ýyly mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär

Fewral 16, 2026 | 19:52 |4283
Çeşme: orient.tm

Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýetip gelýän Ýylky ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan köp sanly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýyl ol 17-nji fewralda başlanýar.

Hytaýyň Kolumbiýadaky ilçihanasy ýurduň paýtagty Bogotada Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda ybadathana ýarmarkasyny gurady. Çärä Hytaýyň Kolumbiýadaky ilçisi Çžu Szinýan gatnaşyp, çykyş etdi. Ýarmarka köp sanly myhmany özüne çekdi hem-de täsirli çykyşlary, şol sanda halk tanslaryny öz içine aldy.

Geçen hepde Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirilen baýramçylyk çäresinde Ispaniýanyň ikinji wise-prezidenti we zähmet hem-de durmuş ykdysadyýeti ministri Iolanda Dias Peres çykyş edip, Ispaniýa bilen Hytaýyň dürli siwilizasiýalaryň arasynda özara hormaty we alyş-çalşygy ösdürmek üçin bilelikde çalyşmalydygyny aýtdy.

Madrid şäher geçirilen çäre kabul edişligi, konserti we hytaý medeni innowasiýalarynyň görkezilişini öz içine aldy. Myhmanlar şol bir wagtyň özünde maddy däl medeni mirasyň görkezilişi bilen tanyşyp, özboluşly hytaý tagamlaryndan lezzet aldylar.

Şanhaý Hytaý orkestri, Şanhaý kunsýu operasy topary we Madrid filarmoniýa orkestri bilelikde Ispaniýanyň Milli saz merkezinde iki ýurduň nusgawy eserlerini ýerine ýetirdiler.

Keniýada Hytaý ilçihanasy Ýylky ýylyna bagyşlanan çäre geçirdi. Oňa Keniýadaky hytaý assosiasiýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri, daşary ýurtlarda ýaşaýan hytaýlylar hem-de ýurduň dürli pudaklarynyň wekillerinden ybarat 400-den gowrak myhman gatnaşdy.

Hytaý topary Keniýanyň Milli teatrynda ýerli hytaý jemgyýeti üçin Ýüpek ýolunyň temasynda tans şüweleňini hödürledi.

Şeýle hem dabaralar tapgyrynyň açylyşy Hytaýyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň Medeniýet bölüminde geçirildi.

Çäre maddy däl medeni mirasyň görkezilişlerini, şol sanda erhu saz guralynda çykyşlary we öwrülme tilsimli Siçuan operasyny, şeýle hem Bahar baýramyna bagyşlanan Hytaý Media Toparynyň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan dabaraly konsertiniň mahabat wideosyny öz içine aldy.

Londonyň dürli ýerlerinde geçiriljek çäreler tapgyry halk medeniýetiniň görkezilişlerini, däp bolan ybadathana ýarmarkalaryny we Bahar baýramyna bagyşlanan medeni çykyşlary öz içine alar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026