HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türk eksporty 100-den gowrak kompaniýany hödürleýär

Fewral 10, 2026 | 22:25 |5733
Aşgabatda geçirilýän Türkiýäniň eksport sergisinde senagat täzelikleri, taýýar önümleri we dizaýn çözgütleri görkezilýärAşgabatda geçirilýän Türkiýäniň eksport sergisinde senagat täzelikleri, taýýar önümleri we dizaýn çözgütleri görkezilýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi guraldy: 100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýa öz önümlerini, täze çözgütlerini we senagat ösüşi üçin taýýarlanan taslamalary Aşgabada getirdi. Serginiň açylyşynda Türkiýäniň Söwda ministri Ömer Bolat hem gatnaşdy.

turkish-export-exhibition-ashgabat (10).jpg

Diwarlyklarda — dürli pudaklar we “akylly” şäherler üçin ýokary tehnologiýalar görkezilýär. Aýratyn üns — energetika ulgamyna berilýär. Üns merkezinde diňe adaty kuwwatlyklar däl, eýsem energiýa tygşytlaýyş ulgamlary we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem boldy. Bu tehnologiýalar ykdysadyýeti “ýaşyl” we netijeli saklamaga mümkinçilik berýär.

turkish-export-exhibition-ashgabat (3).jpg

Sergide oba hojalyk pudagy geljegiň nusgalaryny görkezýän meýdança öwrüldi. Myhmanlar ýyladyşhanalary dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny öwrenýän bolsalar, telekeçiler damjalaýyn suwaryş üçin niýetlenen türk enjamlaryny ornaşdyrmagyň ýagdaýlaryny maslahatlaşýarlar. Şol ýerde, edil goňşy diwarlykda bolsa, azyk senagaty taýýar iýmit önümlerinden başlap, ýokary tehnologiýaly gaplaýyş ugurlaryna çenli tutuş önümçilik tapgyryny görkezýär.

turkish-export-exhibition-ashgabat (2).jpg

Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda logistika kompaniýalary we Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri hem öz diwarlyklarynyn gurnadylar.

turkish-export-exhibition-ashgabat (7).jpg

Gyzykly ýeri: türk kompaniýalary diňe bir enjamlary satmaga däl, eýsem türkmen hünärmenlerine şol enjamlarda işlemegi öwretmäge hem hem taýýar. Serginiň çäginde okuw maslahatlaryny guramak we bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmak barada eýýäm çekişmeler alnyp barylýar.

turkish-export-exhibition-ashgabat (4).jpg

Sergi 12-nji fewrala çenli dowam edip, täze şertnamalary, häzirki zaman maşynlary ýa-da halkara derejesindäki bilim programmalaryny gözleýänleriň ünsüni özüne çekýär.

turkish-export-exhibition-ashgabat (5).jpg

turkish-export-exhibition-ashgabat (6).jpg

turkish-export-exhibition-ashgabat (8).jpg

turkish-export-exhibition-ashgabat (9).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026