HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Mifleriň kody»: gadymy miras belarus däp-dessurlarynda nähili janlanýar

Fewral 11, 2026 | 17:40 |4283
Belarusyň Milli kitaphanasynda (BMK) “Mifleriň kody” atly adaty boladyk sergi taslamasy açyldy. Ekspozisiýa gadymy siwilizasiýa bilen belarus medeniýetiniň arasyndaky täsin meňzeşlikleri açyp görkezýär hem-de gadymy grek keşpleriniň asyrlaryň dowamynda ýerli ussalar tarapyndan nähili täzeden düşündirilendigini görkezýärBelarusyň Milli kitaphanasynda (BMK) “Mifleriň kody” atly adaty boladyk sergi taslamasy açyldy. Ekspozisiýa gadymy siwilizasiýa bilen belarus medeniýetiniň arasyndaky täsin meňzeşlikleri açyp görkezýär hem-de gadymy grek keşpleriniň asyrlaryň dowamynda ýerli ussalar tarapyndan nähili täzeden düşündirilendigini görkezýär
Çeşme: belta.by

Belarusyň Milli kitaphanasynda (BMK) “Mifleriň kody” atly adaty boladyk sergi taslamasy açyldy. Ekspozisiýa gadymy siwilizasiýa bilen belarus medeniýetiniň arasyndaky täsin meňzeşlikleri açyp görkezýär hem-de gadymy grek keşpleriniň asyrlaryň dowamynda ýerli ussalar tarapyndan nähili täzeden düşündirilendigini görkezýär. Bu barada BELTA habar berýär.

Gresiýa bilen Belarusy näme birleşdirýär?

Taslamanyň guramaçylary iki medeniýetiň ýakyn baglanyşygyny tassyklaýan 200-den gowrak özboluşly eksponaty hödürlediler. Sergä gelýänler şulary görüp bilerler:

• Milli egin-eşikler we el işleri: belarus ussatlary asyrlaryň dowamynda gadymy Gresiýadan gelip çykan geometrik “meandr” nagyşyny keşdeçilikde ulanyp gelipdirler.

• Slusk guşaklary: meşhur guşaklaryň täzeden döredilen nusgalarynda gadymy amforalaryň şekilleri ýerleşdirilipdir.

• Binagärlik bölekleri: sergide bir wagtlar belarus binalaryny bezän, nusgawy grek görnüşlerini gaýtalan agaç kapitel bölekleri görkezilýär.

Ekspozisiýa arheologiýany, kitap mirasyny we häzirki zaman sungatyny birleşdirýär. Eksponatlaryň arasynda — XVI asyra degişli hakyky grawýura hem-de hususy ýygyndylardan alnan gadymy hudaýalara degişli farfor heýkeljikler bar.

Häzirki zaman dizaýnerleriniň işleri aýratyn ünsi çekýär: Kolož ybadathanasyndan ylham alnyp döredilen köýnekler ýygyndysynda grek nagyşlary häzirki zaman biçüwi bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Bu serginiň esasy pikirini — gadymylygyň geçmişde galman, eýsem Ýewropa we belarus medeniýetiniň “genetik kodynyň” bir bölegine öwrülendigini nygtaýar.

Sergi tanyş däp-dessurlara başgaça nazar bilen seretmäge mümkinçilik berýär, iki ýurduň sazlarynda we dessurlarynda umumy manylary açyp görkezýär. Gresiýa bilen Belarusyň medeniýetleri esasy ynsanperwer gymmatlyklara — maşgalany hormatlamak, nesilleriň dowamlylygy we ýagşylygyň üstün çykmagyna bolan ebedi ynam babatda garaýyşlaryň bitewiligini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026