HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanda 7 müň maşgala Türkmenistandan elektrik energetikasyny alýar

Fewral 11, 2026 | 16:35 |9451
Owganystanda ýerli ilatly nokatlary Türkmenistanyň energetika ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe başlandyOwganystanda ýerli ilatly nokatlary Türkmenistanyň energetika ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe başlandy
Çeşme: rbc.ru

Owganystanda ýerli ilatly nokatlary Türkmenistanyň energetika ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe başlandy. Badgys welaýatynyň Sang-Ataş etrabynda ýerleşýän 21 sany oba energiýa serişdeleri bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär diýip, “Fergana agency” habar berýär.

Taslamanyň umumy bahasy $2 million deňdir. Tehniki işler tamamlanandan soň, takmynan 7 müň maşgalanyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Bu başlangyç boýunça meýilleşdirilen ähli ilatly nokatlaryň türkmen energetika ulgamyna birikdirilmek işi geljek bäş aýyň dowamynda tamamlanar.

Owganystanyň çägindäki tehniki işleri “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasy ýerine ýetirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Abdul Bari Omar geçen ýylyň ahyrynda türkmen energetikleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýän başga bir iri başlangyç barada-da habar beripdi. Bu gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy barada barýar.

Geçen ýylyň dekabr aýynda taslamanyň ugur kartasy tamamlandy we DABS ony ýakyn wagtda Aşgabada ibermegi meýilleşdirdi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri hem öz gezeginde goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassykladylar hem-de TOP we TOPH taslamalarynyň Aşgabat bilen Kabulyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy we ykdysady bähbitler nukdaýnazaryndan esasy ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026