HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Mask trilliona tarap barýar: işewüriň baýlygy rekord derejede 852 milliard dollar ýetdi

Fewral 10, 2026 | 14:00 |4295
Ilon Mask resmi taýdan taryhda ilkinji bolup, baýlygy 800 milliard dollardan geçen adam boldy. Forbes Real-Time Billionaires reýtinginiň 2026-njy ýylyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 852,5 milliard dollar diýlip bahalandyrylýarIlon Mask resmi taýdan taryhda ilkinji bolup, baýlygy 800 milliard dollardan geçen adam boldy. Forbes Real-Time Billionaires reýtinginiň 2026-njy ýylyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 852,5 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar
Çeşme: bcs-express.ru

Ilon Mask resmi taýdan taryhda ilkinji bolup, baýlygy 800 milliard dollardan geçen adam boldy. Forbes Real-Time Billionaires reýtinginiň 2026-njy ýylyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 852,5 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. Bu taryhy rekord kosmos kompaniýasy “SpaceX” bilen emeli aňy ösdüriji “xAI” kompaniýasynyň strategik birleşmeginden soň hasaba alyndy.

Birleşdirilen tehnologik ägirdiň bazar bahasy 1,25 trillion dollara ýetdi. Maskyň bu gurluşdaky paýy takmynan 43%-e deňdir, bu bolsa 542 milliard dollara barabardyr. Işewüriň galan baýlygy “Tesla” kompaniýasyndaky 12%-lik paýyna hem-de umumy bahasy 300 milliard dollardan geçýän şertnamalar bukjasyna degişlidir.

Milliarderiň baýlygynyň ösüş depgini haýran galdyrýar: 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda ol baýlygy 500 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy. Dekabr aýynda bolsa “Tesla”-nyň paýnamalary bilen bagly kazyýet ýeňişleriniň soň bu görkeziji 700 milliard dollara ýetdi. Häzirki wagtda Mask iň ýakyn bäsdeşi — “Google”-yň esaslandyryjysy Lerri Peýjden 575 milliard dollar tapawut bilen öňde barýar.

Bilermenleriň pikirine görä, 2026-njy ýylyň iýun aýynda Ilon Mask resmi taýdan dünýäde ilkinji trillioner bolup biler. Munuň esasy sebäbi hökmünde birleşdirilen “SpaceX” kompaniýasynyň paýnamalarynyň ilkinji gezek birža çykarylmagy (IPO) görkezilýär. Baha kesgitlemesi 1,5 trillion dollar bolan ýagdaýynda, bu çykaryş taryhda iň ulusy bolup, Maskyň häzirki zaman dünýäsiniň iň täsirli telekeçisi hökmünde derejesini berkitjekdigine garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026