HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli aň we serwer rekordlary eýýamy: AMD-niň ýolbaşçysy Liza Su girdejileriň ýokary derejede ösjekdigini çaklaýar

Fewral 05, 2026 | 18:00 |3884
AMD kompaniýasynyň baş direktory Liza Su kompaniýanyň ösüşi boýunça uly maksatlaryny beýan etdi. Ýakyn ýyllarda emeli aň (EA) ugry on milliardlarça dollar girdeji getirmeliAMD kompaniýasynyň baş direktory Liza Su kompaniýanyň ösüşi boýunça uly maksatlaryny beýan etdi. Ýakyn ýyllarda emeli aň (EA) ugry on milliardlarça dollar girdeji getirmeli
Çeşme: AMD

AMD kompaniýasynyň baş direktory Liza Su kompaniýanyň ösüşi boýunça uly maksatlaryny beýan etdi. Ýakyn ýyllarda emeli aň (EA) ugry on milliardlarça dollar girdeji getirmeli. Munuň esasy sebäpleriniň biri — OpenAI bilen işjeň hyzmatdaşlyk bolup, kompaniýa üçin uly möçberdäki üpjünçilikler eýýäm şu ýylyň ikinji ýarymynda başlanar.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy 10 EA kompaniýasynyň 8-si AMD-niň Instinct maşgalasynyň çözgütlerinden peýdalanýar. Geçen çärýekde EPYC prosessorlary hem rekord netijeleri görkezdi we AMD-niň bulut hem-de korporatiw bazarlardaky ornuny has-da berkitdi. Täze nesil Instinct MI455 tizlendirijileri esasan taýýar serwer ulgamlarynyň düzüminde iberiler.

Üstünliklere garamazdan, kompaniýa Hytaý bazary boýunça çaklamalarda ätiýaçly çemeleşýär. Söwda ýagdaýynyň durnuksyzlygy sebäpli AMD HHR-e tizlendirijileriň mümkin bolan satuwlaryny geljek meýilnamalaryna goşmaýar, emma geçen çärýekde olar kompaniýa 300 million dollardan gowrak girdeji getirdi.

Geljek bäş ýylda AMD-niň ýolbaşçylygy umumy girdejini ýylda 35%-den gowrak ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Önüm ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin kompaniýa eýýäm hyzmatdaşlary bilen bilelikde önümçilik möçberlerini artdyrýar. Bu bolsa bazar üçin AMD-niň neýrotorlar eýýamynda pudagyň liderleri bilen bäsleşmäge taýýar bolandygyny görkezýän möhüm duýduryşdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026