Emeli aň dünýä söwdasyny tizleşdirer: AD Ports Group we BigBear.ai hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy


Dünýäniň öňdebaryjy logistika operatory AD Ports Group (BAE) bilen amerikaly tehnologiýa kompaniýasy BigBear.ai gümrük we logistika ulgamynda sanly özgertmeleri amala aşyrmak üçin hyzmatdaşlyga başlaýarlar. Taraplar serhetleri aç-açan, söwdany bolsa bökdençsiz etjek täze nesil intellektual platformalary döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar.
Hyzmatdaşlyk AD Ports Group-yň sanly bölümi bolan Maqta Technologies-iň tejribesini BigBear.ai kompaniýasynyň milli howpsuzlyk we emeli aň babatyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bilen birleşdirýär. Kompaniýalar dünýä boýunça döwlet edaralary we port operatorlary üçin bilelikde çözgütleri dörederler.
Haýsy tehnologiýalar ornaşdyrylar?
Emeli aňyň integrasiýasy iň çylşyrymly amallary awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berer:
• Akylly gözegçilik: gadagan edilen harytlary çalt ýüze çykarmak üçin ýükleriň rentgen suratlaryny awtomatiki seljermek.
• Töwekgelçiligi dolandyrmak: emeli aň ulgamlary uly maglumatlary seljermegiň esasynda gümrük edaralaryna dessine karar kabul etmäge kömek eder.
• «Bir penjire» ulgamy: sanly platformalar söwda prosesine gatnaşýan ähli taraplary birleşdirip, býurokratiýany we resminamalaryň resmileşdirilmegine sarp edilýän wagty azaldar.
Hökümetler üçin bu hyzmatdaşlyk salgyt ýygymlarynyň artmagyny we serhet howpsuzlygynyň berkedilmegini aňladýar. Telekeçilik üçin bolsa logistika çykdajylarynyň we durgunlyklaryň azalmagyny üpjün eder. BigBear.ai kompaniýasynyň baş direktory, ABŞ-nyň içerki howpsuzlyk ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Kewin MakAlinan dünýäniň tehnologiýa taýdan täze döwre gadam basandygyny, häzirki wagtda bolsa BAE-niň bu prosesiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny belledi.
Portlaryň fiziki infrastrukturasynyň emeli aňyň kuwwaty bilen birleşdirilmegi adaty logistikany geljegiň kynçylyklaryna taýýar bolan ýokary tehnologiýaly ekoulgama öwürýär.
ORIENT








