HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sprout: Nýu-Ýork startapy öý üçin ýumşak robot-ýoldaşy tanyşdyrdy

Fewral 02, 2026 | 16:55 |3590
Dünýäniň iri kompaniýalary zawodlar üçin agyr demir robotlary döredýän mahaly, Fauna Robotics startapy öý awtomatizasiýasy baradaky düşünjäni düýpgöter üýtgedýän enjamy hödürlediDünýäniň iri kompaniýalary zawodlar üçin agyr demir robotlary döredýän mahaly, Fauna Robotics startapy öý awtomatizasiýasy baradaky düşünjäni düýpgöter üýtgedýän enjamy hödürledi
Çeşme: AP Photo

Dünýäniň iri kompaniýalary zawodlar üçin agyr demir robotlary döredýän mahaly, Fauna Robotics startapy öý awtomatizasiýasy baradaky düşünjäni düýpgöter üýtgedýän enjamy hödürledi. Sprout atly robot diňe bir enjam däl, eýsem maşgalada ýaşamak üçin ýörite döredilen, ýumşak korpusly howpsuz “ýoldaşdyr”.

Güýçli senagat androidlerinden tapawutlylykda, Sprout daş-töweregindäkileri gorkuzmazlyk we şikes ýetirmezlik üçin işlenip taýýarlanyldy. Onuň boýy bir metrden biraz ýokary bolup, bu oňa çaganyň göz derejesinde bolmaga mümkinçilik berýär.

Konstruktiw aýratynlyklary:

• Howpsuz korpus: Ýumşak köpükli örtük tötänleýin çaknyşyk ýa-da ýykylma ýagdaýynda hiç kime zyýan ýetmezligini üpjün edýär.

• “Janly” ýüz-göz hereketi: Göni burçly kellesi awtomobil süpürgiçlerine meňzeýän herekete gelýän “gaşlar” bilen üpjün edilip, bu robot bilen aragatnaşy has duýgur edýär.

• Akylly nawigasiýa: Robot öýüň meýilnamasyny ýatda saklaýar, zerur ýerlere (mysal üçin, holodilnige) özbaşdak baryp bilýär hem-de ýolunda adam peýda bolsa, ugruny dessine üýtgedýär.

Häzirki tapgyrda Sprout ýönekeý, ýöne täsirli hereketleri ýerine ýetirip bilýär: tans edýär, oýunjaklary alyp bilýär we otaglaryň arasynda ynamly hereket edýär. Dolandyryş mobil goşundy, geýmpad ýa-da VR-garnitura arkaly amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Sprout köpçülikleýin önüm däldir. Kompaniýa ony diňe synag platformasy hökmünde işläp düzüjilere 50 000 ABŞ dollaryna satýar. Ilkinji nusgalary eýýäm Disney we Boston Dynamics ýaly iri kompaniýalar satyn aldylar. Döredijileriň maksady — bir wagtlar ykjam programmalarda bolşy ýaly, robot üçin müňlerçe peýdaly mazmunlary programmistleriň döretmegine ýol açmakdyr.

Sprout-yň döredijileri şuňa ynanýarlar: kinolardaky gorkunç “demir monsterleriň” döwri tamamlanýar. Indi çagalaryň şatlyk bilen kabul edýän dostlukly tehnologiýalarynyň wagty geldi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026