Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer Şanhaýa bardy
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer hepdäniň anna güni öýlän Şanhaýa bardy. Ol Hytaýa resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy.
Premýer-ministr Kir Starmer hepdäniň çarşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Premýeri Li Sianyň çakylygy boýunça Pekine geldi. Bu resmi sapar soňky sekiz ýylda Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň Hytaýa amala aşyran ilkinji saparydyr. Beýik Britaniýanyň wekiliýetiniň düzüminde önümçilik, daşky gurşawa zyýansyz energetika, maliýe we ýokary tehnologiýa ugurlarynda işleýän 50-den gowrak britan kompaniýalarynyň wekilleri bardyr.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Premýer-ministr Kir Starmer Şanhaýda şäheriň esasy ýerlerine baryp görer we şäherde işleýän britan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar. Saparyň çäginde Premýer-ministriň Ýuýuan bagyna hem-de köp sanly britan kompaniýalarynyň Aziýa-Ýuwaş umman we Uly Hytaý sebitleri boýunça wekilçilikli edaralary ýerleşýän Bund sebitine baryp görmegi göz öňünde tutulýar.
Şanhaý Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýär. Maliýe, emeli intellekt, sanly ykdysadyýet we döwrebap deňiz gämi gatnawlary ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklar giňeldilip, ozal diňe maliýe hyzmatdaşlygy bilen çäklenen gatnaşyklardan täze ösüş tapgyryna geçildi.
Premýer-ministr Kir Starmeriň sapary anyk netijeleri berdi. Taraplar uzak möhletleýin, yzygiderli we giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Hytaý hökümeti wiski önümlerine salynýan import gümrük paçlaryny 10 göterimden 5 göterime çenli azaltmak kararyna geldi. Şeýle hem, iki ýurt howanyň üýtgemegine garşy hyzmatdaşlygy ýola goýmak, howpsuzlyk boýunça dialogy dikeltmek we 12 sany hökümetara hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmek barada ylalaşdylar.








