HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär

Ýanwar 31, 2026 | 17:25 |9120
Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman telekommunikasiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýarŞunuň bilen baglylykda, häzirki zaman telekommunikasiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler meýilnamasynyň çäginde telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça iri taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň dolandyryş we ygtyýarlyk ulgamlaryny giňeltmek, şeýle hem Aşgabat şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bäşinji nesil aragatnaşyk tehnologiýasyny (5G) ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýat we etrap merkezlerini, şäherleri 4G+ standartly aragatnaşyk bilen üpjün etmek, şeýle hem 4G torlarynyň gurşawyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ilatyň we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli guramalaryň internet hyzmatlaryna bolan isleginiň artýandygyny, şeýle hem sanly platformalaryň we elektron hyzmatlaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny nazara alyp, hereket edýän internet infrastrukturasynyň enjamlaýyn tehniki toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman telekommunikasiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026