HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Ýanwar 30, 2026 | 22:35 |652
Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, programma üpjünçiliginiň eksportyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny milli «bulut» hasaplaýyş tehnologiýalary (Data-center) arkaly täze derejä çykarmaga mümkinçilik bererBu çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, programma üpjünçiliginiň eksportyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny milli «bulut» hasaplaýyş tehnologiýalary (Data-center) arkaly täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer
Çeşme: orient.tm

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu Konsepsiýa ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmäge we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ulanyjylara hyzmatlaryň hilini täze derejä çykarmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda dünýäde innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap çözgütleriň günsaýyn ösýändigini hem-de yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp,Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Meýilnamada sanly ykdysadyýete geçmek, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, bu ugurlarda hereket edýän kanunlary we kadalaşdyryjy namalary döwrebaplaşdyrmak, Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, pudaklarda emeli aň, blokçeýn we zatlaryň interneti (IoT) bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary goldamak hem-de höweslendirmek bilen bagly amala aşyrylmaly işleriň ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri bellenildi.

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, programma üpjünçiliginiň eksportyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny milli «bulut» hasaplaýyş tehnologiýalary (Data-center) arkaly täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. «bir penjire» ulgamynda sanly hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy bolsa döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026