HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin: Liderler halklaryň bähbitleri üçin batyrgaý hereket etmelidir

Ýanwar 30, 2026 | 21:07 |4093
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hepdäniň penşenbe güni Pekinde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Si Szinpin Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini nygtamak bilen, halklaryň bähbitlerini öňe sürmek üçin liderleriň batyrgaý we jogapkärçilikli ädimleri ätmelidigini aýtdy.

Halk Mejlisiniň Uly köşgünde geçirilen gepleşiklerde Si Szinpin, halkara derejesinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iki ýurduň dünýä parahatçylygyny goramak we ykdysady ösüşi öňe sürmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmeginiň zerurdygyny belledi.

“Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary we dünýäniň iri ykdysadyýetleri hökmünde Hytaý bilen Beýik Britaniýa parahatçylygy, durnuklylygy goramak hem-de ösüşi we halklaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin dialogy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmalydyr” diýip, Si Szinpin aýtdy.

Ol şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklara uzak möhletli strategik garaýyş bilen çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. “Hakyky manysynda ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine hyzmat edýän meselelerde liderler kynçylyklardan gaçman, batyrgaýlyk we tutanýerlilik bilen öňe gitmelidir” diýip, Si Szinpin belledi.

Premýer-ministr Kir Starmer soňky sekiz ýylda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Hytaýa ilkinji resmi saparyny amala aşyrýandygyny belläp, hyzmatdaşlygy giňeltmäge we uzak möhletli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Kir Starmer sapara gatnaşýan wekiliýetiň düzüminde 60-a golaý britan kompaniýalarynyň we medeni guramalaryň bardygyny aýdyp, ýurtlaryň arasynda “uzak möhletli, yzygiderli we giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň” zerurdygyny nygtady.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer, Hytaýyň Premýeri Li Sian tarapyndan iberilen çakylyk boýunça hepdäniň çarşenbe güni resmi sapar bilen Pekine geldi. Bu saparynyň dowamynda onuň Şanhaý şäherine hem baryp görmegi meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026