Gelejegiň lift tehnologiýalary: ELEVEX 2026 sergisi Türkmenistanyň işewürlerini çagyrýar


2026-njy ýylyň 6–9-njy maýy aralygynda Türkiýäniň Konýa şäherinde liftler we degişli tehnologiýalar boýunça ikinji halkara ELEVEX 2026 sergisi geçiriler. Çäre Konya Tüyap Sergi-maslahatlar merkezinde geçirilip, pudagyň öňdebaryjy öndürijilerini, inženerlerini we üpjün edijilerini bir ýere jemlär.
Möçberi we mümkinçilikleri
Konýa şäheri Türkiýäniň lift senagatynyň iň iri önümçilik we eksport merkezleriniň biridir. 2024-nji ýylda geçirilen öňki sergi sebitde bu ugra bolan uly gyzyklanmany aýdyň görkezdi: 38 müň inedördül metr meýdanda 203 kompaniýa öz gazananlaryny hödürledi. Sergä 21 müňden gowrak hünärmen, şol sanda 4 müňden köp daşary ýurtly myhman gatnaşdy.
Näme üçin ELEVEX 2026 sergisine gatnaşmaly?
Türkmenistanyň işewürleri üçin sergä gatnaşmak strategik mümkinçilik bolup durýar:
• Göni aragatnaşyklar: Pudagyň liderleri bilen şahsy gatnaşyklary ýola goýmak we satyjy torlaryny giňeltmek.
• Pudagyň täzelikleri: Lift we eskalator enjamlarynyň iň soňky innowasion işläp taýýarlamalarynyň görkezilişi.
• Tejribe alyşmak: Hünär çekişmeleri, howpsuzlyk we energiýa tygşytlylygy boýunça öňdebaryjy standartlar bilen tanyşmak üçin amatly meýdança.
Sergi infrastruktura taslamalaryny ösdürmegi we gurluşyk pudagynda häzirki zaman tehnologik çözgütlerini ornaşdyrmagy meýilleşdirýänler üçin möhüm duşuşyk meýdançasyna öwrüler.
Giňişleýin maglumat almak we gatnaşmak üçin ýeri öňünden sargyt etmek resmi web sahypada mümkindir: https://elevex.com.tr/
ORIENT








