Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Hytaýa geldi
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer hepdäniň çarşenbe güni resmi sapar bilen Hytaýa geldi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň soňky sekiz ýylda Hytaýa ilkinji resmi saparydyr.
Resmi saparyň dowamynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşar. Şeýle hem Premýer-ministr Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sian we Halk Wekilleriniň Umumymilli Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Çžao Leszi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we umumy gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça gepleşikleri geçirer.
Bu resmi sapar Hytaý – Beýik Britaniýa gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we ösdürilmegine itergi berer. 2024-nji ýylyň awgust aýynda Si Szinpin bilen Kier Starmeriň arasynda telefon arkaly geçirilen gürrüňdeşlik, şeýle hem 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen “Uly 20-ligiň” sammitindäki duşuşyklar özara gatnaşyklaryň oňyn ugurda ösmegine itergi berdi.
Hytaý bilen Beýik Britaniýa möhüm söwda hyzmatdaşlarydyr. 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt söwdasynyň möçberi 103 milliard 700 million ABŞ dollaryna barabar boldy, hyzmatlar boýunça söwdanyň möçberi 30 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Özara maýa goýumlaryň umumy möçberi bolsa 68 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.
Beýik Britaniýanyň wekiliýetiniň düzüminde maliýe, derman senagaty, önümçilik, medeniýet we döredijilik pudaklaryny öz içine alýan ugurlardan 50-den gowrak iri britan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we işewürler bar. Bu bolsa iki ýurduň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýändir. Saparyň dowamynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmeriň Şanhaý şäherine hem baryp görmegi meýilleşdirilýär.








