HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan tutuş sebite yşarat berýär we Türkmenistan bilen gatnaşyklarda “tizleşdiriji täsir”

Ýanwar 28, 2026 | 19:30 |6534
Özbegistanyň ilçihanasynda milli ösüş meýilnamasynyň giň göwrümli « täzeden başlamagy» barada giňişleýin maglumat berýän brifing geçirildi. Bary-ýogy iki ýyl ozal kabul edilen «Özbegistan – 2030» strategiýasyny täzelenmegi talap edýärdi. Munuň sebäbi geň hem bolsa şeýledir: ýurt ösüşiň şeýle ýokary depginlerini görkezýär welin, 2030-njy ýyl üçin bellenen maksatlaryň köpüsi eýýäm hakykata öwrüldiÖzbegistanyň ilçihanasynda milli ösüş meýilnamasynyň giň göwrümli « täzeden başlamagy» barada giňişleýin maglumat berýän brifing geçirildi. Bary-ýogy iki ýyl ozal kabul edilen «Özbegistan – 2030» strategiýasyny täzelenmegi talap edýärdi. Munuň sebäbi geň hem bolsa şeýledir: ýurt ösüşiň şeýle ýokary depginlerini görkezýär welin, 2030-njy ýyl üçin bellenen maksatlaryň köpüsi eýýäm hakykata öwrüldi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 28-nji ýanwar | ORIENT. Özbegistanyň ilçihanasynda milli ösüş meýilnamasynyň giň göwrümli « täzeden başlamagy» barada giňişleýin maglumat berýän brifing geçirildi. Bary-ýogy iki ýyl ozal kabul edilen «Özbegistan – 2030» strategiýasyny täzelenmegi talap edýärdi. Munuň sebäbi geň hem bolsa şeýledir: ýurt ösüşiň şeýle ýokary depginlerini görkezýär welin, 2030-njy ýyl üçin bellenen maksatlaryň köpüsi eýýäm hakykata öwrüldi.

Esasy üýtgeşme — JIÖ-niň çägine täzeden seredilmegidir. Eger Daşkent ozal 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň göwrümini $160 milliarda ýetirmegi meýilleşdiren bolsa, häzirki depgin bu sepgide eýýäm 2026-njy ýylda ýetmäge mümkinçilik berýär.

PHOTO-2026-01-28-20-27-53.jpg

Täze maksat: Özbegistan 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetini $240 milliarda ýetirmegi maksat edinýär.

Maýa goýumyň depgini: Ýurt $250 milliard möçberindäki maýa goýumlary özleşdirmäge taýýarlanýar.

Adam maýasy: Ilatynyň sanynyň 41 million adama ýetmegine garaşylýan şertlerinde, strategiýa ilatyň jan başyna düşýän girdejini $4000 gowrak artdyrmagy maksat edinýär.

28012026-uzbekistan-strategy-2030-briefing-ashgabat.jpg

«Ýaşyl» ösüş we IT-niň giňeldilmegi

Täzelenen resminama — bu diňe bir maliýe serişdesi barada däl-de, eýsem durmuşyň hili baradadyr.

— Energetika deňagramlykda «ýaşyl» energiýanyň paýy 40–54% bolmalydyr (gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwaty — 25 000 MWt).

— IT-hyzmatlarynyň ýyllyk eksportyny $5 milliarda ýetirmek we 300 müň sany ýaş hünärmeni taýýarlamak meýilleşdirilýär.

— Ekologiýa: «Ýaşil mekon» maksatnamasy her ýyl 200 million bag nahallaryny oturtmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan — Özbegistan: strategik hyzmatdaş

Strategiýanyň iň möhüm ugurlarynyň biri — «Howpsuz we parahatçylyk söýüji döwlet» bölümi gönüden-göni sebit syýasatyna degişlidir. Ilçi Rawşanbek Alimowyň belleýşi ýaly: Daşkent üçin Aşgabat bilen gatnaşyklar — buhoşniýetli goşunçylygyň «altyn standartydyr».

Prezidentler Şawkat Mirziýoýew belen Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy erk-islegi netijesinde, hyzmatdaşlyk iki ýurduň ykdysadyýetleriniň biri-biri bilen bäsleşmän, eýsem biri-birini doldurýan derejesine çykdy.

«Güýçli we açyk Özbegistan — sebitara geçelgeleri öňe sürmekde hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr», — diýip, Ilçi Rawşanbek Alimow brifingde belledi.

28012026-uzbekistan-strategy-2030-briefing-ashgabat (4).jpg

“Strategiýa–2030”-yň täzelenmegi — bu tutuş sebite yşaratdyr: oýnuň düzgünleri tizleniş ugruna üýtgeýär. Türkmen işewürligi hem-de döwlet edaralary üçin bu senagat kooperasiýasynda, üstaşyr geçişlerde we öňdebaryjy tehnologiýalary bilelikde peýdalanmakda täze mümkinçilikleriň penjiresini açýar. Bu hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga çagyryş bolup, sebitimizi Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm köprä öwürýär.

Göni çykyş: Türkmenistan — sebitara taslamalarda esasy hyzmatdaş

Brifingiň çäklerinde žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Özbegistanyň ilçisi döwlet strategiýasynyň täzelenmeginiň diňe bir býurokratik iş däldigini, eýsem dünýäde bolup geçýän çalt özgerişlere berilýän jogapdygyny aýratyn belledi. Onuň aýtmagyna görä, «Täze Özbegistan» häzirki wagtda — ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar üçin açyk döwletdir.

«Jemgyýetçilik durmuşy we ählumumy işler hemişe hereketde bolup, halkara gatnaşyklarynyň özgertmeleri biziň öňümizde täze wezipeleri goýýar, — diýip diplomat belledi. — Hut şonuň üçin Prezident Şawkat Mirziýoýew Strategiýanyň täzelenmegini öňe sürdi: biz adamlaryň häzirki zerurlyklaryny we döwrüň talaplaryny nazara almaly».

28012026-uzbekistan-strategy-2030-briefing-ashgabat (3).jpg

Aşgabat bilen hyzmatdaşlygyň ugry barada aýdyp, ilçi hyzmatdaşlygyň esaslanýan üç esasy sütünini aýratyn belledi:

Syýasy erk: «Ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň — Prezident Şawkat Mirziýoýew belen Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowiň berk syýasy erkiniň netijesinde — biziň gatnaşyklarymyz strategik hyzmatdaşlygyň ozal görlüp-eşidilmedik derejesine çykdy».

Sebitleýin pragmatizm: Güýçli we açyk Özbegistan sebitara taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistany esasy hyzmatdaşy hökmünde görýär. Ileri tutulýan ugur — sebiti dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrjak ulag geçelgeleridir.

Ruhy ýakynlyk: Ähli ykdysady hasaplamalaryň düýbünde köp asyrlyk taryh we medeni ýakynlyk ýatyr, olar bolsa gatnaşyklarymyzy hakyky hem-de berk bolmagyna ýardam edýär.

«Durnukly Özbegistan — tutuş Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistan üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr», — diýip, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy sözüni jemledi. Täzelenen strategiýa iki doganlyk halkyň abadançylygy üçin berk binýat bolar diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026