Si Szinpin Finlýandiýanyň kompaniýalaryny Hytaýyň giň bazaryna çagyrýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hepdäniň ýekşenbe güni Pekinde Finlýandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orpo bilen gepleşik geçirdi we duşuşygyň dowamynda dünýä bäsdeşligini ýokarlandyrmak maksady bilen Finlýandiýanyň kompaniýalaryny Hytaý bazarynyň “giň ummanynda ýüzmäge” çagyrdy.
Si Szinpin iki ýurduň energetika geçişi, dolanyşyk ykdysadyýeti, oba hojalygy we tokaýçylyk pudaklary, ylmy-tehniki innowasiýalar ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyna çagyrdy.
Si Szinpin Finlýandiýanyň Hytaý Halk Respublikasy döredilenden soň diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. Ol diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri geçen 76 ýylyň dowamynda Hytaý-Finlýandiýa gatnaşyklary halkara ýagdaýlaryň üýtgemegine garamazdan yzygiderli ösüş görkezdi” diýip, belläp geçdi. Bu gatnaşyklaryň özara hormat, deňlik we bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ösendigini aýtdy.
Si Szinpin Hytaý we Finlýandiýa halklarynyň merdemlik we özüniň güýjüne daýanmak ruhunyň bardygyny bellemek bilen, iki tarapyň özara ynamy has-da pugtalandyrmagy, alyş-çalyşlary güýçlendirmegi we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy nygtady.
Ol, bu ýyl Hytaýyň 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan15-nji bäş ýyllyk maksatnamasynyň başlanýan ýyly bolup, ýurtda ýokary hilli ösüşe we ýokary standartly aç-açanlyk syýasatyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Si Szinpin Finlýandiýany sportuň gyşky görnüşleriniň ösen ýurdy hökmünde, Hytaýy bolsa sportuň gyşky görnüşleriniň möhüm ýurdy hökmünde häsiýetlendirip, iki tarapyň sportuň gyşky görnüşleri arkaly dostlugy berkitmek üçin alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy. Ol Finlýandiýanyň köp sanly raýatlarynyň Hytaýa gelip, ýurdyň gadymy mirasy bilen tanşyp, häzirki zaman işjeňligine göz ýetirmäge garaşýandygyny aýtdy.
Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigini belläp, Si Szinpin halkara jemgyýetçiliginiň Birleşen Milletler Guramasy esasynda halkara ulgamyna we halkara hukugyna esaslanýan tertibi gorap saklamak üçin bilelikde tagallalary alyp barmagy nygtady.
Şeýle hem Hytaýyň adalatly we tertip-düzgünli köptaraplaýyn dünýäni we ähli taraplaýyn bähbitli ykdysady gatnaşyklary öňe sürmek üçin Finlýandiýa bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Hytaý bilen Ýewropa bäsdeş däl-de, hyzmatdaş hökmünde häsiýetlendirilip, hyzmatdaşlygyň bäsdeşlikden, umumy pikirleriň bolsa tapawutlardan öňe geçýändigini aýtdy. Si Szinpin Finlýandiýanyň Hytaý-Ýewropa gatnaşyklarynyň sagdyn we durnukly ösüşine goşant goşmagyna umyt bildirdi.
Finlýandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orpo hem öz gezeginde iki ýurduň uzak ýyllardan bäri dowam edýän dostlugyny we geçen ýyl diplomatik gatnaşyklaryň 75 ýyllygyny belländigini aýtdy. Finlýandiýanyň kompaniýalarynyň Hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýandygyny, söwda, maýa goýum, sanly ykdysadyýet, arassa energiýa we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.
Petteri Orpo Finlýandiýanyň “bir Hytaý” syýasatyna ygrarlydygyny, Hytaýyň ösüşdäki üstünliklerini we halkara meselelerde oýnaýan möhüm roluna ýokary baha berýändigini aýtdy.
Si Szinpin Hytaý-Ýewropa gatnaşyklarynyň sagdyn ösüşine goşant goşmak we söwda meselelerini dogry çözmek üçin Finlýandiýanyň işjeň rol oýnamagyna umyt bildirdi.








