Mekdep üçin akylly kömekçi: Google Writing Coach atly AI-repetitory tanyşdyrdy


Google kompaniýasy Gemini atly emeli aň ulgamyny Khan Academy bilim platformasyna integrirledi. Esasy täzelik — Writing Coach atly gural boldy. Ol okuwçylara esse ýazmagy we tekstleri seljermegi öwredýän wirtual maslahatçydyr, ýöne işi olara derek ýerine ýetirmeýär.
Adaty çat-botlardan tapawutlylykda, Writing Coach taýýar teksti hödürlemeýär. Onuň wezipesi okuwça gurluşyň ilkinji meýilnamasyndan başlap, soňky barlaga çenli ähli tapgyrlarda goldaw bermekden ybarat. Algoritm okuwçynyň haýsy tapgyrda kynçylyk çekýändigini seljerýär we meseleleri özbaşdak çözmek üçin maslahatlary ýa-da mysallary hödürleýär. Hyzmat üç esasy ugry goldaýar: ynandyryjy tekstler, edebi seljerme we düşündiriş esse görnüşleri.
Täze gural şahsy üns ýetmezçilik meselesini çözmäge gönükdirilendir. Mugallymlar her bir okuwçynyň ösüşini yzarlap, haýsylarynyň tema has kyn düşýändigini görüp bilýärler. Bu bolsa mugallyma yza galýan okuwçylara aýratyn üns bermäge mümkinçilik döredýär, galanlary bolsa AI-tälimçi bilen özbaşdak öwrenýärler. Ene-atalar üçin bolsa bu öý işlerini uzak düşündirmek zerurlygyndan halas bolmagyň amatly ýoludyr, sebäbi okuw prosesi professional algoritme ynanylýar.
2026-njy ýylda Google bilim gurallarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Okamak başarnyklaryny ösdürmek üçin Reading Coach atly täze hyzmatyň işe girizilmegine garaşylýar. Neýrotor okalan material boýunça soraglary berip, olary her bir çaganyň derejesine görä uýgunlaşdyrar hem-de mugallymlar üçin jikme-jik hasabatlary taýýarlar.
Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilimiň özenini üýtgedýär: emeli aň indi göçürmek üçin ulanylýan gural däl-de, çagalara özbaşdak pikirlenmäge we pikirlerini esaslandyrmaga öwredýän şahsy tälimçä öwrülýär.
ORIENT
Goşmaça okaň:
Alphabet-iň täze rekordy: Google-yň baş kompaniýasy bazar bahasynda 4 trillion dollarlyk çägi geçdi
Gmail şahsy kömekçä öwrülýär: täze «AI-giriş hatlar» tertibi poçta bilen işi aňsatlaşdyrar
Google sesli gözlegi resmi taýdan Gemini emeli aňy bilen çalyşýar








