HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy durnukly ösüş görkezdi

Ýanwar 27, 2026 | 19:40 |4917
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy dünýäde dowam edýän ykdysady kynçylyklara garamazdan durnukly ösüşini dowam etdirdi. Hytaýyň haryt we hyzmatlar söwdasy hem-de sanly söwda ugurlary ýokary durnuklylygyny görkezdi diýip, Söwda ministrliginiň resmi wekili hepdäniň duşenbe güni habar berdi.

Pekinde metbugat wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Hytaýyň Söwda ministriniň orunbasary Ýan Dun 2025-nji ýylda ýurduň daşary söwdasy esasy üstünlikleri görkezen pudaklaryň biri bolandygyny belläp, ýurduň ykdysadyýetiniň daşarky kynçylyklary ýeňip geçmegi başarandygyny, haryt, hyzmatlar we sanly söwda ugurlarynyň utgaşykly ösdürilendigini hem-de dürli halkara bazarlarynda ornuny giňeldilendigini aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň umumy haryt import-eksport möçberi ilkinji gezek 45 trillion 470 milliard ýuana (ýagny 6 trillion 520 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, ýyllyk hasapda 3.8 göterim ösüş görkezdi. Geçen ýylyň ilkinji 11 aýynda hyzmatlar boýunça import-eksport möçberi 7 trillion 200 milliard ýuana (ýagny 1 trillion 30 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, 7.1 göterim artdy.

Şeýle hem daşary söwda batly depginde ösdi. 2025-nji ýylda 780 müňden gowrak kärhanalar import-eksport işlerine gatnaşdy, olaryň arasynda hususy kärhanalaryň paýy 57.3 göterime deň boldy.

Söwda ministriniň orunbasary Ýan Dun Hytaýyň daşary söwdada deňagramly ösüşi saklamak boýunça çäreleri güýçlendirendigini belläp, Hytaýyň Halkara Import Sergisi ýaly iri hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň ösdürilendigini we “Hemmeler üçin uly bazar: Hytaýa eksport” atly maksatnamanyň işe girizilendigini aýtdy. Bu başlangyçlar ýokary hilli daşary ýurt önümleriniň Hytaý bazaryna girizilmegini we olaryň içerki bazarda ýerleşdirilmegini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026