Hindistan Respublika gününi baýram edýär we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkidýär


26-njy ýanwarda dünýäniň iň uly demokratiýalarynyň biri we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy — Hindistan Respublikasy — özüniň esasy milli baýramyny belleýär. 76 ýyl mundan ozal häzirki zaman hindi döwletiniň binýadyny goýan Konstitusiýa güýje giripdi. Bu döwlet häzirki wagtda kosmosda, sanly tehnologiýalarda we ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri bilen dünýäni haýran galdyrýar.
Bu ähmiýetli sene mynasybetli, Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu «ORIENT» neşiriniň okyjylaryna, hindi diasporasynyň agzalaryna we Hindistanyň ähli dostlaryna ýörite ýüzlenme bilen ýüzlendi.
Respublikanyň gününiň 76 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistandaky hindi diasporasynyň agzalaryna we Hindistanyň ähli dostlaryna özümiň gyzgyn salamlarymy we gutlaglarymy ýollamak isleýärin! Hut şu günde (26-njy ýanwarda), 1950-nji ýylda Hindistanyň Konstitusiýasy güýje girip, Hindistany özygtyýarly we demokratik respublikasyna öwürdi.
Bu baýramçylyk gününde men Hindistan Respublikasynyň soňky 76 ýylyň dowamynda ösüşde gazanan ajaýyp üstünliklerini ýatlap geçmek isleýärin. Hindistan dünýäniň dördünji uly ykdysadyýetine we iň çalt ösýän iri ykdysadyýetine öwrülmek üçin uzak ýoly geçdi. 2024-nji ýylda Hindistanda 640 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagynda parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bütin dünýäde demokratik güýçleri has-da pugtalandyrdy.
Hindistan dünýäde üçünji uly startaplaryň ekoulgamynyň mekanydyr we maglumat tehnologiýalary, hakyky wagt tertibindäki sanly tölegler, gaýtadan dikeldilýän energiýa, saglygy goraýyş, farmasewtika we başga-da birnäçe ugurlarda özüni dünýä lideri hökmünde görkezdi.
Hindistan şeýle hem iri kosmos döwletine öwrüldi, munuň subutnamasy hökmünde iki sany hindi hemrasynyň üstünlikli birikdirilmegi, Günüň gözegçiligi üçin «Aditýa L1» kosmos enjamynyň älem giňişligine çykarylmagy we «Çandraýan-3»-iň Aýyň Günorta polýusynyň golaýyna ýumşak gonmagy ýaly soňky gazanan üstünliklerini görkezmek bolar.
Premýer-ministr Narendra Modiniň ýolbaşçylygynda Hindistan, özüniň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyny bellejek ýyly bolan 2047-nji ýyla çenli «Wikşit Bharat» (Ösen Hindistan) konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge tarap ynamly öňe barýar.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistanyň özüniň «Giňeldilen goşunçylyk» syýasatynyň we gadymy hindi filosofiýasy bolan «Wasudhaýwa Kutumbakam» (Dünýä — bir maşgala) ýörelgesine laýyklykda, Türkmenistanyň isleglerine we ileri tutýan ugurlaryna görä, ösüş ulgamyndaky tejribesini we bilimlerini geljekde hem paýlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.
Premýer-ministr Narendra Modiniň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda, hindi-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýakyn günlerde täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn. Ýaşasyn hindi-türkmen dostlugy!
Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu»
Hindistan barada maglumatlar:
• Aýyň Günorta polýusynyň golaýyna öz kosmos enjamyny ýumşak gonduran dünýädäki ilkinji döwlet we öz hemralarynyň birikdirilmegini amala aşyran dördünji döwletdir.
• Dünýäde sanjymlary (waksinalary) iň iri öndüriji we jenerik derman serişdeleri bilen iň uly üpjün edijidir.
• Oba hojalyk önümlerini öndürmekde dünýäde öňdebaryjy döwletdir.
• Hakyky wagt tertibindäki sanly tölegler ulgamynda dünýä lideridir.
• Bu ýerde dünýädäki üçünji uly startap ekoulgamlary ýerleşýär.
Hindistanyň Respublika güni
Hindistan kolonial döwletden 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda Garaşsyzlygyny gazanan hem bolsa, ýurduň özygtyýarly we demokratik respublika geçmegini alamatlandyran Hindistanyň Konstitusiýasy 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda güýje girdi. Respublika güni her ýyl 26-njy ýanwarda milli baýdagy galdyrmak, watançylyk aýdymlaryny aýtmak we beýleki medeni çäreler bilen bütin Hindistan boýunça bellenilýär. Şol gün Nýu-Delide Hindistanyň Prezidentiniň we beýleki ýokary wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda açyk we dürli öwüşgünli dabaraly harby ýöriş geçirilýär. Şeýle hem Hindistanyň Prezidenti Respublika gününiň öň ýanynda halkyna ýüzlenme bilen çykyş edýär.








