HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus alymlary turbalaryň barmasy kyn bolan ýerlerinde abatlaýyş we arassalaýyş işleri üçin “suw geçiriji” roboty döretdiler

Ýanwar 20, 2026 | 19:10 |4311
Perm we Wolgograd şäherleriniň hünärmenleri turbageçirijileriň anyklaýyş we abatlaýyş işlerini özbaşdak geçirip bilýän intellektual roboty işläp taýýarladylarPerm we Wolgograd şäherleriniň hünärmenleri turbageçirijileriň anyklaýyş we abatlaýyş işlerini özbaşdak geçirip bilýän intellektual roboty işläp taýýarladylar
Çeşme: n-n-n.ru

Perm we Wolgograd şäherleriniň hünärmenleri turbageçirijileriň anyklaýyş we abatlaýyş işlerini özbaşdak geçirip bilýän intellektual roboty işläp taýýarladylar. Täze taslama ýaşaýyş jaýlaryna we senagat desgalaryna hyzmat etmek üçin niýetlenip, torlaryň barmasy iň kyn bolan ýerlerine çenli barylmagy üpjün edýär, diýip TASS habar berýär.

Enjamyň esasy artykmaçlygy — onuň özboluşly hereketlilik ukyby. Alty “ayak” we on iki sany ýaýjykly tekerden ybarat ulgamyň kömegi bilen robot büdür-südür ýerlerde hem diwarlar bilen berk gatnaşygy saklaýar. Munuň netijesinde ol dikligine ynamly hereket edip, 90 dereje burçdaky ýiti öwrümlerden hem ygtybarly geçip bilýär.

Intellektual ulgam awtomatiki usulda 500-den 1400 mm-e çenli turba diametrine uýgunlaşýar. Şeýle hem robot bar bolan analoglaryň talap edýän ölçeglerinden iki esse kiçi diametrli kommunikasiýalarda hem işlemäge ukyply. Ýörite şlang arkaly enjam diňe bozulmalary tapman, eýsem özbaşdak biten hapalardan hem arassalap biler.

Şeýle tehnologiýanyň ulanylmagy jemagat gulluklarynyň işini ep-esli aňsatlaşdyrýar. Her bir betbagtçylykda gymmat bahaly gazuw işlerini ýa-da diwarlaryň sökülmeginiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Üstünlikli synaglar robotyň şäher ulgamlaryny çalt dikeltmekde we olaryň hyzmat möhletini uzaltmakda ynamly we tygşytly çözgüt boljakdygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026