HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň sanly pudagy 2020-nji ýyldan bäri girdejisini 40% artdyrdy

Ýanwar 23, 2026 | 18:58 |4432
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň sanly ykdysadyýet pudagynyň umumy girdejileri 2025-nji ýylyň ahyryna 38 trillion 300 milliard ýuandan (ýagny 5 trillion 500 milliard ABŞ dollaryndan) geçip, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterime golaý artdy. Bu barada Hytaýyň Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrligi hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.

Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministriniň orunbasary Çžan Ýunminiň bellemegine görä, pudak boýunça sap girdejisi 3 trillion 100 milliard ýuana ýetdi. Bu bolsa 2020-nji ýylda 13-nji bäşýyllyk maksatnamanyň tamamlanan döwrinden bäri, umumy girdejiler boýunça 39.5 göterim, sap girdejiler boýunça bolsa 48.4 göterim ösüşi görkezýändir.

Onuň sözlerine görä, sanly pudak hakyky ykdysadyýet bilen sanly ykdysadyýetiň birleşmeginde esasy sütünleriň birine öwrülip, täze öndürijilik güýçleriniň kemala gelmegine itergi berýändir.

Şeýle hem, häzirki wagtda senagat internet ulgamynyň ýurduň ähli esasy senagat pudaklaryny gurşap alýandygy, milli möhüm meýdançalara birikdirilen enjamlaryň sanynyň 100 milliondan geçendigi bellenildi. Hytaýda dünýä derejesindäki 100 sany 5G zawody döredilip, olaryň netijesinde ortaça öndürijilik 25 göterim ýokarlandy, önümiň hili 21 göterim gowulandy, çykdajylar bolsa 19 göterim azaldy.

Mundan başga-da, Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň we Maliýe ministrliginiň bilelikdäki maksatnamalarynyň çäklerinde 101 sany synag geçirilýän şäherlerde sanly özgertmeler ornaşdyryldy.

Netijede, 45 müňden gowrak kiçi we orta telekeçilik kärhanalary sanly ulgam ornaşdyrmak bilen döwrebaplaşdyryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026