HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde Türkmenistanyň Ilçisi bilen ŞHG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Ýanwar 20, 2026 | 15:50 |5161
Şu gün Pekinde, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdyŞu gün Pekinde, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy
Çeşme: sectsco.org

Aşgabat, 20-nji ýanwar | ORIENT. Şu gün Pekinde, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy.

Nurlan Ýermekbaýew «Şanhaý sekizliginiň» işine yzygiderli gyzyklanma bildirýändigi üçin Aşgabada aýratyn minnetdarlyk bildirdi we diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysyna Guramanyň ýakynda (2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda) geçirilen Týanszin sammitiniň esasy netijeleri barada maglumat berdi. Türkmenistanyň hemişelik hormatly myhman derejesine eýe bolmak bilen, sebit howpsuzlygy we logistika meselelerinde iň möhüm birleşdiriji halka hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar aşakdaky ýaly strategik ugurlara üns berdiler:

Ulag arabaglanyşygy: Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ŞHG-a agza ýurtlaryň bähbitlere ulanmak (Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatynyň netijelerine aýratyn üns berildi);

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň energiýasy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň forumynyňesasyny goýan başlangyçlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Bu foruma ŞHG-niň Baş sekretary hem gatnaşdy.

Ykdysady hyzmatdaşlygy: söwda geçelgeleriniň giňeldilmegi we Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň şerti hökmünde medeni alyş-çalyş.

Türkmenistanyň Ilçisi ýurduň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de sebitiň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny tassyklady.

turkmenistan-sco-cooperation-beijing-meeting 2026.jpg

Diplomatlar daşky gurşawy gorap saklamak we parahatçylygy goldamak meselelerine — Bitarap Türkmenistany we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny özleriniň ählumumy gün tertibinde birleşdirýän temalara aýratyn üns berdiler.

2025-nji ýylda ŞHG-nyň Sekretariatynyň Türkmenistanyň meýdançalaryndaky (Aşgabatdan Awaza çenli) işjeňligi 2026-njy ýyl üçin kuwwatly binýady döretdi. Şu günki günde ŞHG Türkmenistany diňe bir goşny däl-de, eýsem Merkezi Aziýanyň ýüregindäki ygtybarly logistik we parahatçylyk dörediji merkez hökmünde görýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026