Hytaýda täze ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi
Hytaýyň 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji Bäşýyllyk maksatnama döwründe işe giriziljek ilkinji ýadro energetika taslamasy hökmünde, Sziansu welaýatynyň Lianýungan şäherinde, Sýuwei ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygyna hepdäniň anna güni badalga berildi.
Bu taslama, “Hualun-1” basyşly suw reaktoryny, gaz bilen sowadylýan ýokary temperaturaly reaktor bilen utgaşdyrýan desgadyr. Bu desga diňe bir elektrik energiýasyny öndürmän, ýokary hilli senagat bugyny hem öndürer.
Taslama iki tapgyrda amala aşyrylar. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan I tapgyrda iki sany “Hualun-1” reaktorynyň we bir sany gaz bilen sowadylýan ýokary temperaturaly reaktoryň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Taslama işe girizilenden soň, deňiz suwy ilki bilen arassalanyp, soňra “Hualun-1” reaktorlary arkaly gyzdyrylyp, 270 ℃ temperaturadan hem ýokary bolan orta basyşly bug öndüriler. Soňra bu bug gaz bilen sowadylýan ýokary temperaturaly reaktor arkaly gaýtadan gyzdyrylyp, onuň temperaturasy 460 ℃-dan hem ýokary derejä ýetiriler.
Bu ýokary hilli senagat bugy Lianýungan şäheriniň Sýuwei etrabyndaky himiýa kärhanalaryna iberiler.
Taslamanyň I tapgyry doly işe girizilenden soňra, ýylda 32.5 million tonna senagat bugy we 11.5 milliard kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndüriler.
Bu bolsa, ýylda 7 million 260 müň tonna kömri tygşytlamaga we 19 million 600 müň tonna kömürturşy gazynyň bölünip çykmagyny azaltmaga mümkinçilik berer.
Taslama Lianýungandaky nebit-himiýa senagat toplumynyň pes uglerodly ösüşini goldamak bilen bir hatarda, Hytaýyň ýadro energetikasynyň diňe elektrik öndürmekden başga köpugurly energiýa üpjünçiligine geçişini hem tizleşdirer.
I tapgyry 2032-nji ýylda doly işe girizmek meýilleşdirilýär. “Hualun-1” Hytaýyň Üçünji nesil basyşly suwda işleýän ýadro reaktory bolup, ol Hytaýyň Milli Ýadro Energetika korporasiýasy hem-de Hytaýyň Baş Ýadro Energetika Topary tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlandy.
Bu ýadro elektrik stansiýasy Ýewropanyň energetika kompaniýalardan talap edýän laýyklyk sertifikatyny aldy we Beýik Britaniýanyň umumy taslama bahalandyryş barlagyndan üstünlikli geçdi. Her bir “Hualun-1” reaktor ýylda 10 milliard kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu möçber orta derejede ösen ýurtlarda bir million ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Şeýle-de her reaktor ýylda 8 million 160 müň tonna kömürturşy gazynyň bölünip çykmagynyň öňüni alýar.








