HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Katar ýokary tehnologiýalar we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Ýanwar 19, 2026 | 16:00 |6933
19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi
Çeşme: Katar Döwletindäki Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan berlen

19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada tanyşdyrdy.

Mundan başgada, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşi soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, akademiki alyş-çalyşlary hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça taslamalary amala aşyrylýandygyny belledi.

Şeýle hem ýakyn wagtda, Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparynyň çäklerinde garaljak, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026