HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Argentinanyň Atenea atly kiçi hemrasy NASA-nyň Artemis II Aý missiýasynyň çäginde kosmosa uçurylar

Ýanwar 18, 2026 | 18:00 |4839
Argentina ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň çäginde kosmosy öwrenmek ugrunda taryhy ädim ädýär. Argentinanyň Atenea (Afina) atly kiçi hemrasy NASA-nyň Artemis II atly Aý missiýasy bilen bilelikde orbita çykarylarArgentina ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň çäginde kosmosy öwrenmek ugrunda taryhy ädim ädýär. Argentinanyň Atenea (Afina) atly kiçi hemrasy NASA-nyň Artemis II atly Aý missiýasy bilen bilelikde orbita çykarylar
Çeşme: scitechnews.ru

Argentina ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň çäginde kosmosy öwrenmek ugrunda taryhy ädim ädýär. Argentinanyň Atenea (Afina) atly kiçi hemrasy NASA-nyň Artemis II atly Aý missiýasy bilen bilelikde orbita çykarylar. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu taslama ýurduň öňdebaryjy ylmy institutlaryny we uniwersitetlerini birleşdirip, milli kosmos maksatnamasy üçin möhüm tapgyra öwrüldi.

Enjamy Ýerden 70 müň kilometr aralykda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär, bu bolsa argentin tehnologiýasy üçin rekord görkeziji bolar. Uzak kosmosda «Afina» radiasiýanyň derejesini ölçär, enjamlaryň iň täze böleklerini synagdan geçirer we uzak aralyk aragatnaşyk ýollaryny barlar. Alnan maglumatlar ylym üçin aýratyn möhüm bolup, olar alymlara geljekdäki uzak wagtly uçuşlara has gowy taýýarlyk görmäge hem-de olaryň adamlar üçin howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Uçuryş NASA-nyň maksatnamasynyň ikinji tapgyryna bagyşlanandyr. Bu tapgyr ekipažly Orion gämisiniň 2026-njy ýylyň aprelinden gijä galman Aýy aýlanyp çykmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle abraýly missiýa argentin hemrasynyň gatnaşmagy Günorta Amerika respublikasynyň ýokary tehnologiýa derejesini tassyklaýar hem-de häzirki zaman kosmos barlaglarynyň ählumumy häsiýetini açyp görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026