HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ýylda sagatda 10 trillion kilowattdan köp elektrik energiýasyny sarp eden dünýäniň ilkinji ýurdy boldy

Ýanwar 18, 2026 | 19:51 |4950
Çeşme: orient.tm

Hytaýda 2025-nji ýylda elektrik energiýasynyň sarp edilişi taryhy derejä ýetip, ilkinji gezek 10 trillion kilowatt-sagatdan geçdi. Bu barada şenbe güni Hytaýyň Milli energetika müdirligi habar berdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, geçen ýylda ýurtda elektrik energiýasynyň umumy sarp edilişi 10,4 trillion kilowatt-sagat bolup, bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5 göterim köpdür.

Elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň ösüşi ykdysadyýetiň ähli esasy pudaklarynda hasaba alyndy. Birinji derejeli pudakda elektrik energiýasynyň sarp edilişi 9,9 göterim, ikinji derejeli pudakda 3,7 göterim, üçünji derejeli pudakda bolsa ýyllyk hasapda 8,2 göterim artdy.

Şol bir wagtda şäher we oba ilatynyň elektrik energiýasyny sarp edişi hem öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,3 göterim ýokarlandy.

Şeýle-de bolsa, umumy ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hut üçünji derejeli pudak hem-de ilatyň ýaşaýyş maksatly elektrik sarp edişi boldy, olar ýurtda elektrik energiýasynyň jemi sarp edilişiniň ösüşiniň takmynan 50 göterimini üpjün etdi.

Milli energetika müdirliginde nygtalyşy ýaly, gazanylan bu görkeziji Hytaýy ýyllyk elektrik energiýasynyň sarp edişi boýunça 10 trillion kilowatt-sagat çäginden geçen dünýäniň ilkinji ýurduna öwürýär.

Hytaýyň Elektrik energiýasy geňeşiniň ýerine ýetiriji wise-başlygy Ýan Kun şeýle ýokary derejeli sarp edişiň milli ykdysadyýetiň durnukly we gowulaşýan ýagdaýy, şeýle hem ýylyň dowamynda birnäçe gezek hasaba alnan aşa yssy howa tolkunlary bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, Hytaýyň elektrik energiýasyny sarp edişiniň möçberi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli görkezijisinden iki esse köpdür we Ýewropa Bileleşiginiň, Russiýanyň, Hindistanyň hem-de Ýaponiýanyň bilelikdäki elektrik energiýany sarp edişinden hem ýokary boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026