Aşgabat SPECA hepdeligini kabul edýär: BMG we Merkezi Aziýa ykdysady meýilnamalaryny deňleşdirýärler


YKDYSADYÝET | ORIENT. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek BMG-niň iri möçberli çäresi bolan «SPECA hepdeligine» taýýarlyk görmegiň meýilnamasy hödürlendi. Biz sebit üçin haýsy çözgütleriň kesgitleýji boljakdygyna düşünmek maksady bilen, BMG-niň ÝYK we ESCAP bilen bilelikde taýýarlanan çäreleriň maksatnamasyny öwrendik.
Hepdeligiň senenamasy:
Maksatnama many-mazmuna örän baý boljkadygyny wada berýär. Aşgabat dört günüň dowamynda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin «akyl merkezi» bolar:
• 20-nji ýanwar: Başlangyç çäreler we degişli ugurlar boýunça işçi toparlarynyň tematiki duşuşyklary.
• 21–22-nji ýanwar: SPECA 2026 Ykdysady forumy. Şu ýyl ol sebitara arabaglanyşygyna bagyşlanýar.
• 23-nji ýanwar: Hepdeligiň jemleýji wakasy — SPECA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji sessiýasy. Hut şu ýerde jemleýji resminamalara gol çekiler we teklipler kabul ediler.
Bilermenler näme hakda gürleşerler?
Üns merkezinde – diňe bir sanlar däl-de, eýsem «sanly baglanyşyk» bolar.
Hazarüsti geçelgesi: BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly ony sanlylaşdyrmagyň «Ýol kartasy» gözden geçiriler. Bu bolsa geçelgäni ýöne bir «ýol» bolmakdan, ýokary tehnologiýaly söwda merkezine öwürer.
Energetika özygtyýarlylygy: Energiýa üpjünçiligindäki töwekgelçilikleri nähilli dolandyrmagyň we ykdysadyýete zyýan ýetirmezden «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ýollary.
Kanunlaryň sazlaşdyrylmagy: SPECA ýurtlarynyň arasynda harytlaryň has çalt hereket etmegi üçin gümrük we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek.
Türkmenistanyň SPECA başlyklyk etmegi, onuň Ýewraziýanyň ýüreginde esasy logistika operatory hökmündäki ornuny berkitmegi üçin bir mümkinçilikdir. Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda, anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde BMG-niň institutlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurdygyny we öňde boljak Hepdeligiň dünýä standartlaryna laýyk derejede geçirilmelidigini nygtady.








