HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Ýanwar 16, 2026 | 17:55 |7361
15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik duşuşygy geçirildi15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik duşuşygy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik duşuşygy geçirildi.

Ýerewan şäheri Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy

Işewürlik duşuşygynyň açylyş dabarasynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N.Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B.Arazow, Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy, Türkmenistanda we Ermenistanda ykdysadyýeti ösdürmek, işewürligi alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döredilýän mümkinçilikler barada habar berdiler.

Ýerewan işewürlik duşuşygy

Soňra işewürlik duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi alyp barmak hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada tanyşdyryş prezentasiýalary görkezildi.

Türkmen-ermeni işewürlik duşuşygynyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, B2B görnüşindäki duşuşyklar geçirildi. Onuň dowamynda türkmen we ermeni kompaniýalarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026