HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen kompaniýalary Stambulda geçiriljek LES-EXPO halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Ýanwar 15, 2026 | 17:05 |8838
2026-njy ýylyň 7–9-njy aprelinde Stambul şäherinde ýük inženerligi hyzmatlaryna bagyşlanan LES-EXPO halkara sergisi geçiriler2026-njy ýylyň 7–9-njy aprelinde Stambul şäherinde ýük inženerligi hyzmatlaryna bagyşlanan LES-EXPO halkara sergisi geçiriler
Çeşme: kfa.com.tr

2026-njy ýylyň 7–9-njy aprelinde Stambul şäherinde ýük inženerligi hyzmatlaryna bagyşlanan LES-EXPO halkara sergisi geçiriler. Çäre Stambul sergiler merkeziniň meýdançasynda guralar we ýük hem-de logistika inženerligi ugruna doly gönükdirilen dünýäniň ilkinji ýöriteleşdirilen sergisi bolar.

Sergini gurnaýjy hökmünde KFA Fuarcılık A.Ş. kompaniýasy çykyş edýär. LES-EXPO agyr we ölçegsiz ýükleri daşamak, göteriji we kran tehnologiýalary, taslama logistikasy, ýük daşamakda inženerçilik çözgütleri, şeýle-de port amallary ýaly möhüm ugurlarda işleýän kompaniýalary bir ýere jemlär.

Serginiň strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin netijeli meýdança bolmagyna garaşylýar. LES-EXPO sergisine gatnaşmak kompaniýalara öz çözgütlerini hödürlemäge, täze bazarlary öwrenmäge we logistika hem-de inženerçilik pudagynyň ählumumy ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Sergi barada goşmaça maglumatlar resmi web sahypasynda elýeterlidir: les-expo.com.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026