HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nvidia 20 milliard dollarlyk geleşigiň çäginde Groq toparyny özüne çekdi

Ýanwar 04, 2026 | 14:00 |4995
Nvidia emeli aň bazaryndaky ornuny berkitmegiň ýoluny tapdy — ol aslynda Groq atly ägirt uly umyt bildirilýän startapyň toparyny özüne çekdiNvidia emeli aň bazaryndaky ornuny berkitmegiň ýoluny tapdy — ol aslynda Groq atly ägirt uly umyt bildirilýän startapyň toparyny özüne çekdi
Çeşme: Nvidia

Nvidia emeli aň bazaryndaky ornuny berkitmegiň ýoluny tapdy — ol aslynda Groq atly ägirt uly umyt bildirilýän startapyň toparyny özüne çekdi. Işi çaltlaşdyrmak we döwlet edaralary bilen uzak wagtlap ylalaşyk proseslerinden gaça durmak üçin Nvidia geleşigi adaty bolmadyk görnüşde gurady: ol kompaniýany doly satyn almaýan, Groq işgärleriniň takmynan 90%-ini öz işgärler düzümine geçirýär.

Işgärler üçin peýdaly şertler

Bu geleşikde Groq-yň bazar bahasy 20 milliard dollar hökmünde bahalandyryldy. Bu geçen ýylky 7 milliard dollarlyk bahadan örän uly öňegidişlikdir. Hünärmenler üçin bu geçiş maliýe taýdan örän peýdaly bolar: paýdarlar we işgärler tölegleriň 85%-ini dessine alar, galan bölegi bolsa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tölener. Nvidia-nyň düzümine ähli ýokary ýolbaşçylar, şol sanda baş direktor Jonatan Ross hem geçýär.

Tehnologiýalar we kompaniýanyň geljegi

Işgärleriň köpçülikleýin geçmegine garamazdan, Groq brendi maliýe direktorynyň ýolbaşçylygynda garaşsyz ýuridiki şahs hökmünde resmi taýdan saklanyp galar. Nvidia olaryň özboluşly tehnologiýalaryna ygtyýarnama arkaly elýeterlilik alar. Bu bolsa geleşigiň hukuk taýdan arassalygyny saklamak bilen, Groq-yň işläp taýýarlamalaryny Nvidia-nyň önümlerine ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu ädim Nvidia-a birbada pudagyň ýüzlerçe iň ökde inženerlerini we öňdebaryjy emeli aň tehnologiýalaryny gazanmaga mümkinçilik berýär. Startapyň topary bolsa dünýäde iň iri çip öndürijisiniň ägirt uly maliýe serişdelerine we tehniki mümkinçiliklerine eýe bolýar.

ORIENT

Goşmaça okaň:

Si Szinpiniň Ählumumy Dolandyryş Başlangyjy 2025-nji ýylda hemmelere bähbit getirdi

Si Szinpin 2025-nji ýylda iri döwletler bilen gatnaşyklaryň durnukly ösüşini öňe sürdi

Ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Pekinde döwlet edaralarynyň iş wagty uzaldylýar

Türkiýe hytaýly syýahatçylara ýurda wizasyz girmäge rugsat berýär

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026