HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNESKO-nyň sebit bäsleşiginde türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular

Dekabr 24, 2025 | 15:40 |6988
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Deň mümkinçilik sungaty: sport we emeli aň» atly sebit döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendiMerkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Deň mümkinçilik sungaty: sport we emeli aň» atly sebit döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabryndan 23-nji noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Almaty sebit edarasy tarapyndan Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň Milli federasiýasy, Beýik Britaniýanyň Astana şäherindäki ilçihanasy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ÝUNESKO klublarynyň Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Deň mümkinçilik sungaty: sport we emeli aň» atly sebit döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular 1.jpg

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara «Zenanlar we emeli aň» hem-de «Zenanlar sport dünýäsinde» atly iki ugur boýunça döredijilik işleri hödürlendi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 18 ýaşa çenli bolan ýaş suratkeşleriniň 25 sany iň gowy işleri saýlanyp alyndy.

türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular 2.jpg

Bu döredijilik bäsleşigi sebitde gender deňligi, sportuň deň mümkinçilikleri üpjün edýän giňişlik hökmünde ähmiýeti, şeýle hem emeli aňyň häzirki jemgyýetdäki orny baradaky meseleleri ýaşlaryň döredijilik garaýşy arkaly açyp görkezýän möhüm meýdança öwrüldi.

türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular 3.jpg

Ýurdumyzdan Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Täçgulyýewa Gözel, Nurmuhammedowa Jennet, Orazowa Arzuw bäsleşige gatnaşyp, işleriniň çuň many mazmuny we ýokary çeperçilik derejesi bilen tapawutlanyp ýeňiji boldular. Şeýle hem, olaryň utgaşdyryjy mugallymy Badyýewa Jeren gatnaşyjylary taýýarlamakdaky pedagogik goldawy we goşandy üçin ýörite şahadatnama bilen sylaglandy.

türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular 4.jpg

2025-nji ýylyň 3–8-nji dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen jemleýji sergide bäsleşigiň iň gowy 25 işi, şol sanda türkmenistanly ýaşlaryň eserleri görkezildi. Saýlanyp alnan eserleriň awtorlaryna we olaryň halypalaryna şahadatnamalar hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular 5.jpg

«Deň mümkinçilik sungaty: sport we emeli aň» atly sebit bäsleşigi sungatyň, sanly tehnologiýalaryň we jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryň üstünlikli utgaşdyrylmagynyň mysaly bolup, ýaşlaryň gender deňligi düşünjesini pugtalandyrmaga gönükdirildi.

türkmenistanly ýaş suratkeşler ýeňiji boldular 6.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026