HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýdan uçan uçar Aşgabatda mejbury ýagdaýda gondy

Dekabr 23, 2025 | 20:02 |9650
22-nji dekabr agşamynda Aşgabat Halkara howa menzilinde tehniki näsazlyk sebäpli Dubaý–Ýekaterinburg ugry boýunça uçan «Ural awiakompaniýalarynyň» uçary mejbury ýagdaýda gondy22-nji dekabr agşamynda Aşgabat Halkara howa menzilinde tehniki näsazlyk sebäpli Dubaý–Ýekaterinburg ugry boýunça uçan «Ural awiakompaniýalarynyň» uçary mejbury ýagdaýda gondy
Çeşme: tdh.gov.tm

22-nji dekabr agşamynda Aşgabat Halkara howa menzilinde tehniki näsazlyk sebäpli Dubaý–Ýekaterinburg ugry boýunça uçan «Ural awiakompaniýalarynyň» uçary mejbury ýagdaýda gondy.

Awiakompaniýanyň Telegram-ýaýlymynda bellenilişi ýaly, howa gämisiniň komandiri ýangyç görkezijileriniň arasynda tapawut bardygyny anyklap, görkezmelere we howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda hereketlendirijini öçürdi hem-de iň ýakyn howa menzilinde — Aşgabat Halkara howa menzilinde üstünlikli gondy.

Aşgabat Halkara howa menziliniň işgärleriniň we beýleki degişli edaralaryň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde 93 ýolagça we 8 ekipaž agzasyna paýtagtymyzdaky myhmanhanalaryň birine ýerleşdirilmek, suw we gyzgyn nahar bilen üpjün etmek boýunça wagtynda kömek görkezildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy öz Telegram-ýaýlymynda habar berdi.

Şeýle hem Ilçihananyň diplomatlary dessine myhmanhana bardylar, onuň işgärleri we Aşgabat howa menziliniň degişli gulluklary bilen aragatnaşyk sakladylar. Ýerli wagt bilen sagat 06:40-da dostlukly ýurduň ähli raýatlary Russiýadan gelen ätiýaçlyk bort arkaly Ýekaterinburga uçdylar.

«Görkezilen goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirýäris», — diýlip Ilçihananyň habarynda bellenilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026