HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple programma üpjünçiligindäki möhüm kemçilikleri üçin 5 million dollara çenli tölemäge taýýar

Oktýabr 14, 2025 | 16:00 |14233
Amerikanyň Apple tehnologik kompaniýasy özüniň "Bug Bounty" kemçilikleri tapmak programmasyndaky iň ýokary baýrak möçberini ep-esli artdyrdyAmerikanyň Apple tehnologik kompaniýasy özüniň "Bug Bounty" kemçilikleri tapmak programmasyndaky iň ýokary baýrak möçberini ep-esli artdyrdy
Çeşme: unian.ua

Amerikanyň Apple tehnologik kompaniýasy özüniň "Bug Bounty" kemçilikleri tapmak programmasyndaky iň ýokary baýrak möçberini ep-esli artdyrdy. Indi programma üpjünçiligindäki (PÜ) möhüm kemçilikleri tapan ulanyjylara berilýän iň ýokary töleg 2 million dollara ýetdi. Şol bir wagtda bir gözlegçi goşmaça baýraklar hem göz öňünde tutulanda jemi 5 million dollara çenli alyp bilmegi mümkin.

Apple kompaniýasynyň howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-prezidenti Ivan Krstiç Wired neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde şeýle ýokary baýragyň maksadynyň ökde gözlegçileri höweslendirmekdigini aýtdy. Kompaniýa iň çylşyrymly meseleler, esasanam içaly programma üpjünçiligi arkaly amala aşyrylyp bilinýän hüjümler üçin ulanylyp bilinjek kemçilikler üçin millionlap dollar tölemäge taýýar.

Goşmaça baýraklar aşakdakylar üçin berilýär:

• Täze programma üpjünçiliginiň beta synaglarynda howpsuzlyk meseleleriniň ýüze çykarylmagy.

• Operasion ulgamda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen mümkinçilikleri çäklendirýän "Lockdown Mode" ulgamyny doly aýlap geçmäge mümkinçilik berýän kemçilikleriň tapylmagy.

Bu başlangyç, mobil önümleri ýokary gorag derejesi bilen tanalýan Apple kompaniýasy üçin kemçilikleriň nähili möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Howpsuzlyk meselelerini ýüze çykarmak boýunça baýrak maksatnamasy 2016-njy ýylda iň ýokary 200 müň dollarlyk möçber bilen başlady. 2019-njy ýylda baýragyň möçberi 1 million dollara, indi bolsa 2 million dollara ýetdi. 2020-nji ýyldan bäri maksatnama ähli ulanyjylara açyk görnüşde işleýär we Apple şu wagta çenli tapylan kemçilikler üçin 35 million dollardan gowrak pul töläpdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026