HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kataryň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri bilen Türkmenistanyň Ilçisi duşuşdy

Oktýabr 14, 2025 | 20:20 |829
4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri Mohammed bin Ali Al Mannai bilen duşuşyk geçirdi4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri Mohammed bin Ali Al Mannai bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan berlen

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýasy ministri Mohammed bin Ali Al Mannai bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmekde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýan birnäçe meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Hususan-da, duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmeginiň giň halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döretmegi bilen bir hatarda, bu şygaryň esasynda ýurdumyzyň içerki we daşary syýasatynda öňe sürülýän ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara hormat goýma ýörelgeleri bilen utgaşýandygy nygtaldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi mynasybetli geçirilýän halkara derejeli çäreler hakynda katar tarapy giňişleýin maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, türkmen tarapy şu ýylyň 12–14-nji noýabrynda ýurdymyzda «Türkmentel–2025» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylyk haty gowşuryldy hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan geçirilýän bu halkara çärä sebit derejesinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda tejribe alşylmagynda giň mümkinçilikleriň dörediljekdigi nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Samarkantda «MA +1»: sebit hyzmatdaşlygy bilen özygtyýarlylygyň arasynda deňagramlylygy nädip gözleýär?

Samarkantda «MA +1»: sebit hyzmatdaşlygy bilen özygtyýarlylygyň arasynda deňagramlylygy nädip gözleýär?

23:18 Oktýabr 21, 2026
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026