HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň mekdepleri birinji synpa barýan çagalar üçin 137 müňden gowrak "Bilimli" noutbuklar bilen üpjün edildi

Awgust 29, 2025 | 11:33 |6277
Jemi 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri öz wagtynda taýýarlanylyp, Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky degişli bilim edaralaryna gowşuryldy.Jemi 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri öz wagtynda taýýarlanylyp, Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky degişli bilim edaralaryna gowşuryldy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 22-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlipdi.

Şondan soňra bu ugurdaky işlere girişilip, ady agzalan kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde jemi 137 müň 54 sany «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri öz wagtynda taýýarlanylyp, Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki we welaýatlardaky degişli bilim edaralaryna gowşuryldy.

Noutbuk kompýuterleriniň deň ýarysyny — 68 müň 527-sini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti taýýarlady we olaryň 32 müň 276-sy Daşoguz welaýatynyň, 10 müň 731-si Balkan welaýatynyň, 25 müň 520-si Mary welaýatynyň degişli bilim edaralaryna ýollanyldy. Kompýuterleriň galan ýarysyny taýýarlamak bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň paýyna düşdi.

—Täze okuw ýylyna niýetläp taýýarlan kompýuterlerimiziň işleýjilik ukybyny her ýylda artdyrýarys. Geçen ýyl olaryň operasion ulgamy Android 14.0 + Google service bolan bolsa, bu ýyl ony Android 15.0 + Google service ulgamyna çenli ýokarlandyrdyk. Noutbuklaryň operatiw ýadyny bolsa DDR4 4 Gb-dan DDR4 6 Gb-da çenli artdyrdyk. Tor enjamlary barada aýdanymyzda, geçen ýyl ol Wi-Fi 802.11b/g/n we Bluetooth 4.0 bolan bolsa, bu ýylky noutbukda Wi-Fi 802.11b/g/n +BT we Bluetooth 4.0 görnüşdedir — diýip, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň daşary ykdysadyýet bölüminiň başlygy Jennet Altynazarowa gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan taýýarlanan noutbuklaryň 24 müň 376-sy Lebap welaýatynyň, 19 müň 543-si Ahal welaýatynyň, 7 müň 154-si Mary welaýatynyň, 16 müň 954-si Aşgabat şäheriniň, 500 sanysy bolsa Arkadag şäheriniň bilim edaralaryna iberilipdir.

«Bilimli» noutbuklarynyň programma üpjünçiligi hem özüniň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Olarda çagalara oýun arkaly sanamagy we ýazmagy öwredýän, körpelere ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny ündeýän oýun görnüşindäki programmalar hem ornaşdyrylan.

«Bilimli» atly noutbuklar Bilimler we talyp ýaşlar gününde ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basjak çagalara ajaýyp sowgat bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026