HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU-da halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maý 31, 2025 | 18:18 |4016
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Ylym gününe bagyşlanan çäre sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen onlaýn görnüşde geçirildiMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Ylym gününe bagyşlanan çäre sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen onlaýn görnüşde geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Ylym gününe bagyşlanan çäre sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen onlaýn görnüşde geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniñ wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyñ alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary gatnaşdy.

1

30-njy maýda maslahat birnäçe ugur boýunça bölümçelerde dowam etdi, olar ylmy ugurlaryň giň toplumyny öz içine aldy:

• «Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary»;

• «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy»;

• «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi»;

• «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary»;

• «Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti».

2

Bölümçe mejlisleriniň dowamynda professorlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlar we aspirantlar öz ylmy çykyşlaryny ýerine ýetirip, medeni hem-de ynsanperwer meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Maslahata Russiýa Federasiýasy, Italiýa Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Beýik Britaniýa, Belarus Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa, Gazagystan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Bangladeş we Türkmenistan ýaly 16 ýurduň 80-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden hem-de ylmy-barlag institutlaryndan takmynan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar gatnaşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026