HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Oktýabr 22, 2026 | 19:00 |3276
Çeşme: orient.tm

Russiýanyň täze üpjünçilik ylalaşygyndan soň ABŞ üçin niýetlenen dizel ýangyjyny daşaýan ilkinji tankeri penşenbe güni ýola çykar. Bu barada Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Moskwa bilen Waşington rus dizeliniň geljekki üpjünçiligi boýunça şertnamalary resmileşdirmegiň soňky tapgyrynda durýarlar. Nowak ýylyň ahyryna çenli Russiýanyň dizel eksportyny beýleki ýurtlara hem giňeldip, daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ýangyjyň öňki möçberini doly dikeldip biljekdigine umyt bildirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ozal Russiýa bilen dizel ýangyjynyň üpjünçiligi boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny mälim edipdi. Ilkinji tapgyryň takmynan 40 müň tonna ýangyçdan ybarat bolmagyna garaşylýar.

Russiýanyň wise-premýeri 2022-nji ýylda partlamalar sebäpli zeper ýeten “Demirgazyk akym” gaz geçirijileri barada hem aýdyp, olaryň tehniki taýdan dikeldilip bilinjekdigini belledi.

CCTV+ habar bermegine görä, Russiýa ABŞ-a we beýleki ýurtlara dizel ýangyjynyň üpjünçiligini dowam etdirmegi hem-de eksport möçberlerini tapgyrlaýyn dikeltmegi meýilleşdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026