HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Maý 30, 2025 | 14:10 |3785
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Çeşme: Gazagystan hökümetiniň metbugat gullugy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasat strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026