HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada "Merkezi Aziýa-Italiýa" formatyndaky ilkinji sammit başlanýar

Maý 30, 2025 | 10:00 |4962
Şu gün, 30-njy maýda Gazagystanyñ paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynuñ we Italiýanyñ premýer-ministri Jorj Meloniniñ gatnaşmagynda ilkinji sammit açylýar.Şu gün, 30-njy maýda Gazagystanyñ paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynuñ we Italiýanyñ premýer-ministri Jorj Meloniniñ gatnaşmagynda ilkinji sammit açylýar.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 30-njy maýda Gazagystanyñ paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynuñ we Italiýanyñ premýer-ministri Jorj Meloniniñ gatnaşmagynda ilkinji sammit açylýar. Şol günüñ özünde Italiýanyñ hökümet baştutanynyñ Gazagystana resmi sapary başlanýar.

Duşuşyga Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Prezidentleri gatnaşýar. Sammit syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giñeltmäge, şeýle hem sebitiñ ýurtlarynyñ Italiýa bilen arasyndaky özara gatnaşygyñ ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

"Merkezi Aziýa+" formatyndaky duşuşyklar sebitiñ daşyndaky hyzmatdaşlar bilen dialog üçin durnukly platforma öwrüldi. Şeýle sammitler eýýäm Hytaýyn, Russiýanyñ, ABŞ-niñ, Ýewropa Bileleşiginiñ we beýleki ýurtlaryñ gatnaşmagynda döwlet baştutanlaryñ derejesinde geçirildi. Şu ýyl Astanada hem "Merkezi Aziýa-Hytaý", güýzde bolsa Duşenbe şäherinde "Merkezi Aziýa-Russiýa" sammitleriniñ geçirilmegine garaşylýar.

Italýan tarapy Merkezi Aziýa sebitine energetika, logistika, infrastruktura we global çagyryşlara garşy göreş meselelerinde möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şu günki sammitiñ netijeleri boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki resminamalaryñ gol çekilmegine garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026