HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar

Maý 30, 2025 | 06:00 |5724
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuny aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrarMongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuny aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar
Çeşme: montsame.mn

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuny aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar.

Bu sapar, 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyrjak ilkinji döwlet sapary bolar. Bu Mongoliýanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Türkmenistana bolan döwlet saparyna jogap sapary bolar.

Saparyň dowamynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda resmi gepleşikler meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanlarynyň dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmagyna şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar diýip, Mongoliýanyň Baştutanynyň web sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026