HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TNGIZT-iň eksport mümkinçiligi dünýä meýdançalarynda görkezilýär

Maý 06, 2025 | 15:00 |5095
Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýurdumyza wekilçilik edipTürkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýurdumyza wekilçilik edip
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýurdumyza wekilçilik edip, üç sany iri halkara meýdançasynda görkezilýär.
1 Möhüm wakalaryň arasynda Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” Halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmagydyr. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň çäklerinde TNGIZT tarapyndan öndürilýän nebit-himiýa önümleriniň giň görnüşi halkara köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Bu sergä gatnaşmaklyk ýurduň eksport mümkinçiligini ösdürmegiň ugruna ygrarlydygyny açyp görkezýär hem-de uglewodorodlary gaýtadan işlemek babatda türkmen tehnologiýalary we çemeleşmeleri bilen tanyşdyrýar.

Munuň bilen birlikde, 5-nji maýda Eýranyň Gürgen şäherinde türkmen öndürijileriň harytlarynyň sergisi açylydy, onda Türkmenbaşy toplumynyň harytlary hem görkezilendir. Bu çärä gatnaşmaklyk Eýran we sebitiň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilendir.
2 Mundan başga-da, TNGIZT-iň önümleri 13-18-nji maý aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde hem görkeziler. Çäre onlarça ýurtlaryň işewürlik we syýasy toparlarynyň wekillerini birleşdirip, türkmen nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň mümkinçiligini açyp görkezmek üçin ýene bir pursat döreder.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebit-himiýa pudagynyň öňdebaryjysy hasaplanylýar. Onuň kuwwatlyklarynda önümleriň giň görnüşi çykarylýar: benzin, uçar we tehniki kerosini, reaktiw we dizel ýangyjy, gara nebit, çalynýan ýaglar, polipropilen, peç ýangyjy, gazoýl, nebit elektrod koksy, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumy, kükürt, şeýle hem sintetiki ýuwujy serişdeler we beýlekiler. 3 TNGIZT-iň önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem halkara bazarlarda hem isleg bildirilýär. Üpjün edijilik geografiýasy Russiýany, Germaniýany, Ispaniýany, Italiýany, Ýaponiýany, Hytaýy, Türkiýäni, Eýrany, Pakistany, Owganystany we beýleki ýurtlary öz içine alýar. Önümleriň ýokary hili halkara standartlara laýyk gelmegi bilen tassyklanylýar.

Kärhananyň 2025-nji ýyldaky ýokary işjeňligi Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde hyzmat edip, ýurduň global ykdysady proseslere işjeň gatnaşmaga bolan islegine şaýatlyk edýär.

4

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026