HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wokalçylarynyň gatnaşmagyndaky GDA-nyň Uly ýaşlar hory Ýeňiş Baýramynda çykyş eder

Maý 06, 2025 | 15:05 |5619
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary bolan dokuz sany wokal aýdymçysy GDA gatnaşyjy-döwletleriň Uly ýaşlar birleşik horunyň düzüminde Moskwanyň Kreml binasynyň öňünde Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek konserte gatnaşarlarMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary bolan dokuz sany wokal aýdymçysy GDA gatnaşyjy-döwletleriň Uly ýaşlar birleşik horunyň düzüminde Moskwanyň Kreml binasynyň öňünde Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek konserte gatnaşarlar
Çeşme: culture.gov.ru

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary bolan dokuz sany wokal aýdymçysy GDA gatnaşyjy-döwletleriň Uly ýaşlar birleşik horunyň düzüminde Moskwanyň Kreml binasynyň öňünde Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek konserte gatnaşarlar. Meşhur rus sazandalaryň, aktýorlaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyndaky bu çäre bitewi dramaturgiýa we mazmun bilen birleşdirilip, özboluşly sahna grafikasyna, wizual hem-de yşyklandyrjy çözgütlere eýe bolmak bilen, 9-njy maýda “Zarýadýe” seýilgähinde geçiriler diýip, RF-iň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bu GDA gatnaşyjy-döwletleriň Uly ýaşlar birleşik horunyň ilkinji çykyşy bolar. Ony döretmek baradaky başlangyjy bilen geçen ýyl GDA-nyň medeni hyzmatdaşlyk baradaky Geňeşiň XXXIX mejlisinde Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa çykyş etdi. Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçysy GDA ýurtlarynyň arasyndaky medeni aragatnaşyklarynyň ýylsaýyn berkeýändigi, munuň özi bu döwletleriň ýaşaýjylaryna bilelikde sergiler, konsertler, festiwallar we çykyş etmek boýunça syýahatlar ýaly dürli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigi barada belledi.

Rus tarapyndan taslamanyň gözükdirijisi hökmünde GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeniýet we sungat babatda aýdym-saz we bilim ugurlaryndaky binaýtlaýyn guramasy bolan Gnesiny adyndaky Russiýanyň aýdym-saz akademiýasyny bellemek barada teklip edildi. Akademiýanyň rektory Aleksandr Ryžinskä salgylanyp, rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, ýaşlar toparynyň ýerine ýetirmeginde Aleksandrowyň “Mukaddes urşy”, Nikita Bogoslowkiniň “Garaňky gije” ýaly uruş ýyllarynyň meşhur aýdymlary we beýleki tanymal eserler ýaňlanar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026