HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen ÝB Aşgabatda howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 05, 2025 | 23:30 |5396
Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildiTürkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilen bagly esasy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Diňe bir serhet howpsuzlygyny berkitmäge däl-de, eýsem sebitara hyzmatdaşlyga we umuman ösüşe ýardam edýän KADAP (Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça maksatnamasy) we BOMKA (Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek maksatnamasy) sebitleýin maksatnamalar barada hem bellenip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ÝB-niň “Straýw Aziýa” (STRIVE ASIA) sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek, aýratyn möhüm desgalary goramak meselelerinde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly köpsanly çäreler geçirilen “Merkezi Aziýada hukuk goraýyş işi” boýunça LEICA taslamasynyň (2020-2024) wajyplygy barada bellenip geçildi.

Taraplar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çarçuwasyny kesgitleýän we esasyny goýujy bilelikdäki resminamalaryň ähmiýetini hem bellediler. Olaryň arasynda – gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Ýol kartasy (2023-nji ýylda Lýuksemburgda kabul edilen), Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygynda (şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen) kabul edilen Bilelikdäki beýannama, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiň (geçen aýda Samarkantda geçirilen) netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnama.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlyk pudagyndaky dialogy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky tagallalara ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026