HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly platformalar: söwdanyň we hyzmatlaryň häzirki döwri we geljegi

Maý 01, 2025 | 23:00 |4864
Aşgabatda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasynda hem-de «Türkmenistanda halkara ölçeglere laýyklykda hil derejesini üpjün etmek» atly halkara maslahatyň dowamynda möhüm temalaryň biri elektron söwdanyň çalt ösüşi, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda haryt we hyzmatlary hödürlemegiň innowasion çemeleşmeleri boldy.Aşgabatda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasynda hem-de «Türkmenistanda halkara ölçeglere laýyklykda hil derejesini üpjün etmek» atly halkara maslahatyň dowamynda möhüm temalaryň biri elektron söwdanyň çalt ösüşi, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda haryt we hyzmatlary hödürlemegiň innowasion çemeleşmeleri boldy.
Çeşme: CAMIX

Aşgabatda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasynda hem-de «Türkmenistanda halkara ölçeglere laýyklykda hil derejesini üpjün etmek» atly halkara maslahatyň dowamynda möhüm temalaryň biri elektron söwdanyň çalt ösüşi, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda haryt we hyzmatlary hödürlemegiň innowasion çemeleşmeleri boldy. Daşary ýurtly bilermenler häzirki zaman elektron söwdasynyň islendik derejedäki kompaniýalaryň, aýratyn hem kiçi telekeçiligiñ ösmegi, şeýle hem daşary ýurt onlaýn bazarlaryna çykmagy üçin döredýän mümkinçilikleri bilen baglanyşykly tejribeleri we bilimleri bilen paýlaşdylar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen bir hatarda, söwda we beýleki elektron hyzmatlary hödürleýän dürli platformalaryň sany hem artýar. Ýüzlerçe internet dükanlary we marketpleýsler ilata dürli haryt we hyzmatlary giň gerimde hödürleýär. Onlaýn satyn almalary üçin bu platformalara ýüz tutýan sarp edijileriň sany ýylsaýyn köpelýär. Müşderileriñ arasynda giňden tanalýan söwda onlaýn platformalarynyň hatarynda giň sarp ediş harytlaryny hödürleýän Ynamdar, şeýle hem Türkmenistanda ilkinji tehnologik onlaýn platforma bolan Asmanexpress bar, ol gysga wagtda eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýär. Onlaýn dükanlar öý hojalyk elektronikasynyň giň görnüşini, öý himiýasy, mekdep we ofis harytlary, esbaplar, kitaplar, döredijilik üçin harytlar, ýadygärlik sowgatlyklar bilen üpjün edýär.

ITSE DAY 1 (166).jpg

Elektron söwdanyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň poçta gullugynyñ we banklarynyň sanly hyzmatlarynyň uly orny bar. Mysal üçin, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar-täjirçilik bankynyň «e-commerce» platformasy döwlet hem-de hususy kärhanalary tarapyndan ulanylyp, ilata giň görnüşli harytlary we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. «Altyn Asyr» bank karty arkaly Aşgabadyň şäher telefon ulgamy web sahypasynda internet, öý telefon we IP-teleýaýlymynyñ hyzmatlaryny islendik wagtda tölemek bolýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň sahypasynda fiziki we hukuk şahsyýetler üçin dürli meýletin we hökmany ätiýaçlandyryş görnüşlerini sargyt edip we tölegini internet arkaly amala aşyrmak bolýar. «Ak Yol Computers» internet dükanynda sanly elektronika, öý enjamlary, kompýuter tehnikasy we toplaýjy enjamlary sargyt edilip, töleg onlaýn görnüşde geçirilýär. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Bagtyýar» myhmanhanasynyň saýtynda otag saýlamak, öňünden sargyt etmek we tölegini internet arkaly geçirmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem «Halkbank» PTB-sy telekeçilere internet-ekwaýring hyzmatyny hödürleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026