HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Işewürligiňiz gözegçilik astyndamy? Üç ýönekeý soraga jogap beriň

Maý 01, 2025 | 15:40 |13194
Köp işewürlik eýeleri “Men öz kompaniýam barada hemme zady bilýärin” diýen pikire ynanýarlar.Köp işewürlik eýeleri “Men öz kompaniýam barada hemme zady bilýärin” diýen pikire ynanýarlar.
Çeşme: orient.tm

Köp işewürlik eýeleri “Men öz kompaniýam barada hemme zady bilýärin” diýen pikire ynanýarlar. Emma gürrüň anyk sanlar barada gidende, ynamlylyk dynga öwrülýär. Aşakdaky soragara dogry jogap bermäge çalyşyň:

  • Aprel aýy üçin kompaniýaňyzyň arassa girdejisi näçä barabar boldy?

  • Haýsy harytlardan girdeji alýarsyňyz, haýsylary bolsa öz ýitgiňize satýarsyňyz?

  • Ammarlaryňyzda näçe haryt birligi bar – “takmynan” däl, anyk sanlar? Eger-de haýsy-da bolsa bir sorag kynçylyk döredýän bolsa, diýmek, işewürligiňizde aýdyňlyk ýok. Onsuz bolsa ne durnuklylyga, ne ösüşe, ne gerimlilige ýetip bolýar.

Çözgütler “Kadaly işewürlik” forumynda

10-njy maýda Aşgabat şäherinde amaly forum geçiriler, onda telekeçiler, bilermenler we maslahatçylar işewürligiň meseleleri barada açyk gürrüň ederler hem-de olary sanly gurallar arkaly nädip çözüp bolýandygyny görkezerler. Guramaçy – ÝTÖB-nyň goldawy bilen hem-de işewürligiň awtomatlaşdyrylmagy we dolandyryş transformasiýasy babatda tejribesini paýlaşýan sebitiň konsalting kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Arassa Nusga konsalting kompaniýasy bolup durýar. 1

Aleksandr Petrosow – Arassa Nusga kompaniýasynyň baş direktory, “Kadaly işewürlik” forumynyň bilermeni

2

Roman Ikonnikow – Arassa Nusga kompaniýasynyň amallar boýunça direktory, “Kadaly işewürlik” forumynyň bilermeni »»

Size näme garaşýar?

  • Hakyky wakalar – atlar üýtgedildi, emma bolup geçen ýagdaýlar hakyky;

  • Anyk, mesele boýunça hem-de artykmaç gerekmejek maglumatsyz çykyş etjek bilermenler;

  • EPR, CRM, BI tehnologiýalaryny eýýäm ornaşdyran telekeçiler bilen bölümçe maslahatlaşmalary;

  • “Işewürlik agyrylarynyň kartasy” interaktiw ýumuşy – meselelere janly garaýyş, çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy;

  • Furşet we networking – resmi däl gürrüňdeşlik, täze tanyşlyklar we galstuksyz dialog.

Senesi: 2025-nji ýylyň 10-njy maýy.

Geçiriljek ýeri: Aşgabat ş., “Arkaç” SM, “Iş Nokady” meýdançasy.

Sagat: 10:30-14:00.

Hasaba alnyşyk: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSci1828SjkZXMFMTJ9f21fshZuSQ3_8rmgaK6Nm-vcYJsEfdg/viewform?usp=header

Ýerler çäklendirilen. Gatnaşmak diňe hasaba alnyşyk bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde “jadyly çözgütler” bolmaz. Emma forumdan siz anyk düşünje bilen gaýdarsyňyz: işewürligiňiziň haýsy ýerinde pul serişdeleri ýitýär, nirede mümkinçilikler ýatyr hem-de şol mümkinçilikleri beýlekiler nädip açýar.

Habarlaşmak üçin: info@arassanusga.com

+993 12 754480/ +993 61 648605

https://arassanusga.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026